Ï Taryhy ýeňşiň beýany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy ýeňşiň beýany

view-icon 6963
Taryhy ýeňşiň beýany

950 ýyl mundan ozal - 1071 nji ýylda Mansikerdiň (häzir Malazgirt etraby we şäheri) eteginde soltan Alp-Arslanyň baştutanlygynda türk-seljuklarynyň we Wizantiýa hökümdarlygynyň hökümdar Roman IV Diogeniň başda durmagynda Wizantiýa hökümdarlygynyň goşunynyň arasynda taryhy söweş bolup geçdi. San taýdan artykmaçlygyna garamazdan wizantiýalylar güýçli zarba netijesinde ýeňlişe sezewar bolup, oguz-türkmenleriniň Kiçi Aziýanyň jümmüşine toparlaýyn aralaşmak hereketine ýol açmagyna getirdi.

Alp-Arslan türkmenleriň kynyk taýpasyndan bolup, ol Seljuk soltanyň agtygy hem Seljuklar döwletinde, öz kuwwaty bilen Owganystanyň serhedinden tä Müsüre çenli ägirt uly giňişligi üstünlikli birleşdiren Soltan bolýar. Alp-Arslanyň döwürdeşleri soltanyň harby edermenliklerini dabaralandyrsalar, Gündogarly taryhçylar onuň adalatlydygyny we jomartdygyny, tertip-düzgüni berkitmek hakynda alada edýändigini, gurluşyk işlerinde binalara söýgiüsiniň uludygyny öwgi bilen belleýärler. Alp-Arslanyň dolandyran döwrüne degişli musulmançylyk ylmynyň taryhynda şol zamanda ilkinji döwlet edarasy bolup, maddy serişdeler bilen bol üpjün edilen ýokary medreseleriň tutuş ajaýyp toplumy döredilýär.

Çeşmeleriň salgysyna görä Wizantiýanyň hökümdary Roman IV Diogen Alp- Arslanyň Müsüre ýöriş eden wagtyny çemeläp, dürli milletden: greklerden, skandinawlylardan, franklardan, slawýanlardan, türk taýpalarynyň wekillerinden ybarat bolan 200 müň adamlyk goşunyny gündogara sürýär. Imperatora degişli goşunyň ýörişi baradaky habar ýeten dessine soltan Alp-Arslan Romana garşylyk görkezmek maksady bilen oňat taýýarlanan esgerleriniň bir bölegi bilen Müsürden gyssagly ýola düşýär.Bagt oňa gülüp bakýar —Soltanyň ýörişi hakda Alp-Arslan bütinleý juda ýakyn gelende imperatora habar berýärler.

Seljuklaryň esgerleriniň sany 150 müňe barabar bolup,san taýdan agdyk, ýöne ahlak taýdan gowşak wizantiýalylar, Soltana wepaly bolan türkmenleriň zarbaly hüjümlerinden howsala düşüp gaçýarlar. Agşama golaý Wizantiýa goşuny derbi-dagyn edilip, hut öz janpenalary tarapyndan taşlanyp gidilen ýaraly Roman IV Alp-Arslanyň esgerleri tarapyndan ýesir alnyp, taryhyň tutuş dowamynda musulman hökümdarynyň ilkinji ýesiri bolýar.

Hökümdarlaryň ikisi hem bolup geçýän ýagdaýlaryň möhümdigine ilki başdan düşünýärdiler, ýöne muňa garamazdan bir hepdeden soň hökümdar öz gara başy üçin ýarym million dinar töläp azat bolýar, şol wagtdan bäri wizantiýalylar şol söweşi ýatlap, hiü haçan ony başgaça däl-dä diňe«şol elheç gün» diýip atlandyrýarlar. Geçen ýylyň mart aýynda ýurdyň kinoteatrlarynda premýerasy görkezilen «Malazgirt-1071» atly çeper filimi bu taryhy waka bagyşlandy. Sentýabr aýynda bolsa TRT1 türk kanalynda köp bölümli taryhy filmi «Oýanyş: beýik seljuklar» filmini surata düşüren döredijiler tarapyndan döredilen «Alp-Arslan» filminiň premýerasyna garaşylýar.

Ogulgözel Rejebowa