Ï Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýylda Daşkentde geçer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýylda Daşkentde geçer

view-icon 6949

2021-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionlygy ugrundaky ýaryş 7-18-nji dekabr aralygynda Daşkentde geçer. Bu karary sportuň şu görnüşiniň Halkara Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi kabul edipdir.

Deslapdan 2021-nji ýylyň dünýä ýaryşyny Perunyň paýtagty Limede geçirmek meýilleşdirilipdi, emma soň bu ýurt ýaryşy geçirmekden ýüz öwürdi.

Iň soňky gezek agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 2019-njy ýylda Pataýýada (Taýlandda) geçipdi.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda dünýä çempionatlarynda hormat sekisine çykmak diňe dört agyr atletikaça miýesser edipdi. Ilkini bolup, bu ýokary basgançaga 1993-nji ýylda Melburnda geçen çempionatda Altymyrat Orazdurdyýew çykypdy. Şonda ol 76 kg çenli agram toparynda 370 kg (silkip götermek ‒ 167,5 kg, itip galdyrmakda ‒ 202,5 kg) netije görkezmek bilen, öňde barýardy.

2017-nji ýylda Anahaýmda (ABŞ) geçen dünýä çempionatynda Kristina Şermetowa (53 kg çenli) we Rejepbaý Rejebow (77 kg çenli) dagy kümüş medal gazandylar.

Şu ýyl bolsa Halkara agyr atletika federasiýasy türkmen sportçy gyzy Ýulduz Jumabaýewany öň dopinge garşy kadalary bozandygy üçin, ýaryşdan çykarylan Taýlandly Tunýa Sukçaroýeniň ýerine aýal-gyzlar arasynda 45 kg çenli agram toparynda 2018-nji ýylyň dünýä çempiony diýip yglan etdi. Bu barada 2018-nji ýylda Aşgabatda dünýä çempionatyna gatnaşan sportçularyň tabşyran nusgalary täzeden barlanandan soň mälim boldy.

Özbegistanda geçjek dünýä çempionaty barada aýdylanda bolsa, mundan öň Daşkent sekisiniň türkmen ştangaçylary üçin şowly bolandygyny bellemek gerek. Bu babatda şu ýylyň aprelinde Daşkentde geçen Aziýa çempionatyny ýatlamak ýeterlikdir. Onda Maksat Meredow (73 kg çenli) we Gülnabat Kadyrowa (71 kg) kümüş medal, Rejepbaý Rejebow (81 kg çenli) we Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg çenli) bolsa bürünç medal gazandy. Şu ýaryşlarda Polina Gurýewa Tokioda geçirilen Olimpiada gatnaşmaga hukuga eýe boldy. Ol ýerde bolsa 59 kg çenli agram toparynda çykyş etmek bilen Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny ‒ kümüş medal gazandy.

Özbegistanyň paýtagtynda 2021-DÇ tamamlanandan soň, 20-21-nji dekabrda HAF-iň kongresi bolar, onda Halkara Federasiýasyna täze başlyk saýlanar. Häzirki wagtda HAF-iň prezidentiniň wezipesini wagtlaýynça britaniýaly Maýkl Irani ýerine ýetirýär.

“AA”-nyň habarçysy