Ï Gurbaran Berdiýewiň «Kaýraty» Konferensiýalar ligasynyň toparlaýyn ýaryşynda işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurban Berdiýewiň «Kaýraty» Konferensiýalar ligasynyň toparlaýyn ýaryşynda badalga aldy

view-icon 3829

Gazagystanyň «Kaýrat» toparynyň futbolçylary belli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Konferensiýalar ligasynda ilkinji oýnuny oýnady. Ähmiýeti boýunça 3-nji ýewropa klub ýaryşynda olar Almaatyda Kipriň «Omoniýa» topary bilen 0:0 hasabynda deňe-deň oýnadylar.

«Oýun derwezeden ilkinji topy geçirmek islegine esaslanyp, dowam edýärdi. Toparlaryň ikisi-de ýokary derejeli futbol oýnuny görkezdi. Bir utuk-da biziň ýewrokubok ýolumyzyň başlangyjy bolup hyzmat edýän netijedir» diýip, G. Berdiýew oýundan soňky metbugat konferensiýasynda düşündiriş berdi.

«Kaýrat» we «Omoniýa» «N» toparda çykyş edýärler, özaralarynda oýny 0:0 hasabynda deňe-deň tamamlan Azerbaýjanyň «Garabagy» bilen Şweýsariýanyň «Bazeli-de» şu topara girýär.

Gurban Berdiýewiň şägirtleri indiki gezek 30-njy sentýabrda myhmançylykda «Bazele» garşy oýnarlar.

Gazagystanly klublaryň arasyndan ilkinji bolup Konferensiýalar ligasynyň final derejesine mynasyp bolan «Kaýrat» öň hiç wagt ýewrokuboklaryň toparlaýyn derejesine çykmandy.

Gurban Berdiýew klub bilen soňam iki ýyla uzaltmak mümkinçiligi bolan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şertnamany baglaşyp, 2021-nji ýylyň awgust aýynda «Kaýratyň» baş türgenleşdirijisi boldy. Altmyş dokuz ýaşly hünärmen UEFA-nyň çempionlar ligasynda üç kampaniýany: ikisi ‒ Kazanyň «Rubininiň» ýolbaşçylygynda (2009/10, 2010/11), ýene biri bolsa «Rostowyň» baş türgenleşdirijisi wezipesinde (2016/17) başdan geçirdi. 2012-2013-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Gurban Berdiýew «Rubini» Ýewropa ligasynyň ¼ finalyna çykardy.

«AA» habarçysy