mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy kiçi futbol boýunça ýaryş gurady

view-icon 1886

Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest ş.) ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli kiçi futbol boýunça ýaryş gurady.

Çärä Rumyniýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, rumyn paýtagtynda okaýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew öz çykyşynda Türkmenitanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlary bilen tanyşdyrdy, ýurduň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlar barada gürrüň berdi.

Russiýanyň, Eýranyň we Hindistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda talyplardan düzülen Türkmenistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy, ikinji orny Eýranyň topary eýeledi. Ýaryşa gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa