Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

view-icon 2564

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny we asudalygyny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
şu agzalaryny «Garaşsyz Türkmenistanyň
Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy,

Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi,

Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi Öwezdurdy Geldiýewiç Hojanyýazowy,

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewi,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowy,

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewi,

Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly 

Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry.