Ï Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararlary

view-icon 3945

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli döwrebap şertler döredilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, eziz Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, milli Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryna häzirki zamanyň döwrebap harby tehnikalary, uçarlary we dikuçarlary, beýleki harby tehnikalar yzygiderli gelip gowuşýar. Hormatly Prezidentimiz harby tehnikalara, şol sanda örän çylşyrymly harby uçarlara erk etmekde kämil başarnygyň, ýokary ussatlygyň, gaýduwsyzlygyň we edermenligiň nusgasyny görkezýär. Munuň özi öz ykbalyny ýurt goragyna baglan ýaş nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň, harby borja wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň we edermenligiň belent nusgasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden birkemsiz gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri, ündewleri, halkymyzyň arkama-arka gelýän ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmegi raýatlarymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmaga, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny berkitmekde we gorap saklamakda, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, eziz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligini, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk göreldesini göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 24-nji sentýabry.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy, şan-şöhraty artýar, onuň syýasy derejede halkara orny barha berkeýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, sebitde we bütin dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldaw tapýar.

Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri uzak möhletleýin maksatnama esasynda ösdürilýär, döwrebap harby özgertmeler durmuşa geçirilýär, milli Ýaragly Güýçlerimiziň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylara ýokary söweşjeň ussatlygyň, şahsy taýýarlygyň we watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümi üçin watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, mertligiň we edermenligiň görelde mekdebi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň doganlyk serhetleriniň mizemezligini, konstitusion gurluşynyň ygtybarly goralmagyny, halkymyzyň parahat we asuda ýaşaýşyny üpjün edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä nusgalyk ýokary depginler bilen ösdürmekde, döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusga alarlyk göreldesini, milli Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygynyň üpjün edilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegine, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygynyň we asudalygynyň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 24-nji sentýabry.