mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

«Bitaraplyk» türkmen topary Çeboksaryda geçirilen talyplar woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy

view-icon 1925

Çuwaşiýa döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryndan düzülen «Bitaraplyk» topary Çeboksaryda geçirilen woleýbol boýunça halkara ýaryşda ýeňiş gazandy.

Ýaryşa Hindistandan, Iordaniýadan, Yrakdan, Müsürden, Gyrgyzystandan, Siriýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan talyplar gatnaşdylar.

Deslapky bäsleşikleriň jemi boýunça ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna Türkmenistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan talyplar toparlary çykdylar.

Çekeşeikli geçen bäsleşikde ildeşlerimiz birinji orny eýelediler. Ikinji orna özbegistanly, baýrakly üçünji orna gyrgyzystanly talyplar mynasyp boldular.

Çeboksaryda geçirilen woleýbol boýunça gazanan ýeňşini «Bitaraplyk» topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlady.

 «AA»-nyň habarçysy