mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen talyplary Halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna çykdylar

view-icon 16013

Türkmenistanyň ýedi ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministrliginiň howandarlygynda guralan Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Halkara olimpiadanyň ikinji (jemleýji) tapgyry şu ýylyň 3-nji oktýabryndan 9-njy oktýabryna çenli RF-yň Soçi şäherinde «Sirius» bilim merkezinde geçirilýär. Oňa GDA ýurtlarynyň (Russiýa, Belarus, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan) uniwersitetleriniň talyplary gatnaşýarlar. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary olimpiada sanly ulgam arkaly gatnaşýarlar.

Halkara bäsleşigiň şu ýylyň maý aýynyň ikinji gülerinde geçen birinji (saýlama) tapgyry on müňlerçe gatnaşyjyny öz meýdançasyna ýygnady. Dürli dersler boýunça ýokary derejeli taýýarlyk görkezip, gowulardan gowular çäräniň soňky tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary Halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna geçdiler.

Olimpiadanyň aňsat bolmadyk tabşyryklary ykdysadyýet; maliýe we karz; ykdysady howpsuzlyk; hukuk; maglumat howpsuzlygy; halkara gatnaşyklary ýaly ugurlarda düzülipdir.

Guramaçylar Olimpiadanyň şunuň ýaly ugurlarda geçirilmeginiň aşakdaky maksatlaryny görkezýärler: gatnaşyjylaryň maglumat, maliýe we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, olaryň hünäre gözükmegine ýardam etmek, maliýe howpsuzlygy pudagynda ylmy bilimleri ösdürmek.

Anastasiýa Kasýanowa