mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen

view-icon 7916

Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň kuwwatyny artdyrmagyň ýollary, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri duşuşygyň esasy meseleleri boldy.

Ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýa bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gün ýurtlaryň ikisi hem hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezip, hyzmatdaşlygy milli bähbitleri hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly guraýarlar.

Toparyň başlyklary gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçip, soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan döwletara gatnaşyklaryň barha ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Liderleriniň arasynda ýola goýlan birek-birege ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli we netijeli häsiýeti bilen şertlendirilendir.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny belledi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem-de ony ösdürmegiň geljegi boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Wise-premýer S.Berdimuhamedow we Russiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy A.Owerçuk ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigine ünsi çekdiler.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, gazhimiýa senagaty, geologiýa, gurluşyk, maliýe-bank ulgamlary we birnäçe beýleki pudaklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplaryň senagat kuwwatyny nazara almak bilen, şol sanda daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň hasabyna hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň, iri senagat we medeni merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň örän wajypdygy nygtaldy. Bu babatda eýýäm uly tejribe toplandy. Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan welaýaty we beýlekiler bilen üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, taraplar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň we Russiýanyň sebitleriniň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtadylar.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalar bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyna aýratyn üns çekildi. Myhmanlar Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdüler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde bu ulgam ösüşe eýe boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar häzir iki ýurduň hojalyk ulgamlarynyň arasynda gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny höweslendirmäge ähmiýet berilýändigini belläp, bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda pandemiýa bilen baglylykda, dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, ýokanç keselleriň öňüni almakda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini bellediler. Şunda bu ugurda görlen özara çäreleriň netijeliligi nygtaldy.

Taraplar medeni gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistanda hem-de Russiýada guralýan halkara festiwallara we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini biragyzdan nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hökümetara toparyň başlyklary birek-birege ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini ýene-de bir gezek nygtap, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bitewi binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny tassykladylar. Şu günki duşuşyk iki dostlukly halkyň bähbitlerine ähli ugurlar boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin üçin Maksatnamasyna” gol çekildi. Ol döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam eder.

Şu gün Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesinde döwlet düzümleriniň hem-de Russiýanyň hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda taraplaryň netijeli işewür gatnaşyklary has-da ösdürmäge çalyşýandyklary tassyklanyldy. Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary, şol sanda işewürler giň gerimli milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleri beýan etdiler.

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyna garaldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.