Ï Halkara olimpiadasynda türkmen talyplarynyň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara olimpiadasynda türkmen talyplarynyň üstünligi

view-icon 16678

Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministrliginiň howandarlygynda geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň -- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Aýmaral Ýazmyradowa, Döwlet Gurbanow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Çary Rahmanow ýeňiji boldular.

Şu ýylyň 3-9-njy oktýabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilen halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň uniwersitetleriniň talyplary hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi ýedi talyp gatnaşdy.

Halkara olimpiadasy ykdysadyýet, maliýe we karz, ykdysady howpsuzlyk, hukuk, maglumat howpsuzlygy, halkara gatnaşyklary ýaly ugurlar buýunça ilkinji gezek geçirilendigi hem bellärliklidir.

Anastasiýa Kasýanowa