mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmen futbolçysy FIFA –nyň geçiren maslahatynda çykyş etdi

view-icon 2063

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli ýygyndy toparynyň kapitany, “Ahal” futbol toparynyň oýunçysy Arslanmyrat Amanow futbol assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň 2024-nji ýyldan soňra geçiriljek futbol ýaryşlarynyň geljegine bagyşlanyp, geçirilen onlaýn duşuşygyna gatnaşdy.

FIFA –nyň futboly ösdürmek we dünýäde wagyz etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Arsen Wengeriň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga federasiýalaryň we assosiasiýalaryň wekilleriniň 200-den gowragy gatnaşdy.

“Bu meselede ýeňilenler bolmaly däldir, bu işden her kim ýeňiji bolup çykmalydyr. Eger özgertmeler futbol dünýäsiniň we onuň wekilleriniň her biriniň peýdasyna bolmajak bolsa, olaryň nämä geregi bar?” diýip, duşuşygy açan, baş futbol guramasynyň prezidenti—Janni Infantino belledi.

Duşuşykda häzirki wagtda dört ýylda bir gezek geçirilýän dünýä çempionatlaryny her iki ýylda bir gezek geçirmek bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn-duşuşykda çykyş eden türkmen futbolçysy Arsen Wengeriň dünýä çempionatyny her iki ýyldan geçirmek teklibini goldady. Amanowyň pikirine görä, munuň özi diňe bir ýygyndy toparyň oýunçylaryna däl, eýsem, ösüp gelýän ýaş nesillere-de, zerur bolan tejribäni toplamaga mümkinçilik berer.

Göz öňünde tutulýan bu özgertme erkek futboly bilen bir hatarda zenanlaryň futbolyna hem –de ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlara-da degişli bolar.

FIFA –nyň şeýle maslahatlary geçirmegi futboly ösdürmek boýunça edilýän tagallalar baradaky pikirleri doly derejede öwrenmek üçin mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa