mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Şatlygy paýlaşsaň köpeler

view-icon 3911

Özgeleriň üstünligine guwanmagy başarýan adamlar üçin şatlanmaga sebäpler kän. Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň Egrigüzer obasynyň adamlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz obadaşlaryna beren Şa serpaýyny ýüzlerine syldylar. Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Atageldi Garýagdyýew sungatyň hak howandary bolan Gahryman Arkadagymyzyň baýrak hökmünde sowgat beren täze gymmatbaha ýeňil awtoulagy bilen öz dogduk obasyna geldi. Obadaşlary, köp sanly garyndaşlary we kärdeş dost-ýarlary meşhur aýdymçyny ajaýyp baýragy bilen gutladylar, milli däplerimize eýerip, täze maşyny un sepip, ýüzlerine syldylar.

Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedow tarapyndan şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen «Aşgabat hakynda aýdym» Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde ganatly aýdyma öwrüldi. Ýaş aýdymça tanymallyk getiren bu eser şu güne çenli ussadyň repertuaryndan düşmän, diňleýjileriň ýüreginden çykman gelýär. Halkyň söýgüli aýdymçysy şol söýgüli aýdym bilen Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyşynda bu ýerde goýlan iň gymmatly haryt-häzirkizaman awtoulag ýeňijiniň baýragy hökmünde Atageldi Garýagdyýewe berildi.

Bu gün eziz Diýarymyzyň çäklerinden daşarda-da meşhurlyga ýeten, uzak 1968-nji ýylda eli köneje çemodanly, paý-pýada öz mähriban obasyndan çykyp, sungatyň serhetsiz älemine siňip giden Atageldi Garýagdyýew Şa serpaýy hökmünde berlen täze maşynyny sürüp Egrigüzere dolandy. Türkmen halkyna ak ýürekden hyzmat edip, tanymallyga ýeten ençeme zehinleri, şol sanda gaýtalanmajak ussat aýdymçy Gurban Gummanowy, ýüreklerde orun alan artistler Taňryguly Seýitgulyýewi, Allaberdi Meläýewi we ýene-de ençeme zehinleri ýetişdiren Egrigüzer obasynyň adamlary meşhur ildeşleriniň şatlygyny guwanç bilen paýlaşdylar, sungata goýýan sarpasy we Şa serpaýy üçin mähriban we Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýtdylar.

Halypa aýdymçy öz ýeňşi barada şeýle diýýär: «Aşgabat hakynda aýdym» heniz maňa ýetmänkä eýýäm kämilleriň elinden çykan kämil eser. Şahyr Geldi Bäşiýewiň çuň manyly sözleri, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň ajaýyp sazy bu aýdymyň uzak ömürliliginiň esasy sebäpleri. Ony ilki bolup ýerine ýetirmek maňa nesip etdi. Bu nesibe meniň Nury Halmämmedow bilen ýakyn tanyşmagyma, bütin döredijilik ömrüme täsirini ýetiren waka bolup galdy. Şonça ýyllardan soň şu aýdym üçin baýrak alan pursadym Magtymguly Pyragynyň «Kämil tapsaň kyl gullugyn serişde» diýen setiri aňymda ýaňlandy. Kämillere golaý bolman, gol bermän kämillige ýetip bolanok. Her eden işiň, döreden eseriň, ile-halka hödürlän zadyň kämil bolmaly. Bu ýeňil zat däl, ýöne sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň zamanasynda ykrar edilmegiň, ýeňiji bolmagyň, Şa serpaýyny almagyň başga şerti ýok».

Muhammetberdi Annageldiýew