mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr

view-icon 3396
Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr
Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr
Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr
Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. «Beýik bina» kärhanasy tarapyndan gurlan Söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumynyň halkara derejedäki güwänamalara eýe bolandygy guwandyryjydyr. Germaniýanyň «German Council» söwda merkezleriniň geňeşi tarapyndan bu topluma «Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy» baradaky güwänama, Doklands (London) ylmy-barlag akademiýasynyň «Certificate of Excellence 2021» güwänamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem bu merkeze Awstriýanyň «Vorarlberger» binagärçilik instituty tarapyndan «Özboluşly dizaýn» güwänamasynyň berlendigini we onuň Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigini bellemeli.

«Aşgabat» diýlip atlandyrylan täze söwda toplumynda söwda we dynç alyş merkeziniň işini we döwrebap dizaýnçylyk pikirlerini guramagyň iň öňdebaryjy çözgütleri öz beýanyny tapypdyr. Merkeziň çäginde birnäçe çüwdürim bar, olaryň işlemegi üçin, häzirki zaman sanly tehnologiýalar we aýdym-saz ulanylýar.

Onuň ýanynda birnäçe köp öýli ýaşaýyş jaýy ýerleşýär. Öýleriň gurluşygy we bezegi bolsa ýaşaýjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilipdir. Bu möhümdi, sebäbi bu jaýlary köpçagaly maşgalalar aldylar.

Sekiz gektar meýdany bolan toplumyň çäginde logiki taýdan şertli ulag we pyýada ýollary, galdyrymly köpri, emeli kanal hem dynç alyş ýerleri bar.

Toplumyň düzümine ýerasty awtoulag duralgasy, ýuwalgaly awtoulag hyzmat merkezi we kafe girýär. Onuň daş-töwereginde bag we seýilgäh zolagy döredilipdir. Altmyş bäş müň inedördül metrlik söwda merkeziniň meýdanynda dürli ugurly 240 dükan, uly bazar, bedenterbiýe we medeni-sagaldyş toplumy, kafe, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin ýumşak oýun modullary, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş hem oýun burçy bar.

Täze söwda toplumyna gelýänlerde oňa giriş-çykyş ulag ýollary aýratyn täsir galdyrýar, olar döredilende-de, öňdebaryjy inženerlik we tehniki işlemler öz amalyny tapypdyr, ýokary ýük göteriji häsiýetler, ýerli şertlere mahsus howa we geologik şertler göz öňünde tutulypdyr.

Dynç günleri aşgabatlylar täze söwda toplumynda dürli harytlar satyn alyp, şol bir wagtyň özünde-de wagtlaryny hoşlukda geçirip bilerler.

«AA»-nyň habarçysy
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow