Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyndaky çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyndaky çykyşy

view-icon 3139

(2021-nji ýylyň 14-nji oktýabry)

Hormatly Başlyk!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Ilki bilen, onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine hem-de onuň Alyhezreti, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterrişe Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly we giň halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlydyr. Hut biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça, BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilendigini bellemek isleýärin. Onuň işiniň barşynda häzirki zaman, hakyky ýagdaýlara we isleglere laýyk gelýän hyzmatdaşlyga çemeleşmeler beýan edildi, geljegi uly meýilnamalar göz öňünde tutuldy, täze mümkinçilikler hödürlenildi, möhüm Jemleýji resminama kabul edildi.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan Aşgabat çäresine badalga berilmegi birinji ählumumy maslahatyň möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy.

Şu gün bu forumyň geçirilmeginiň zerurlygy durnukly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ulag meselesi boýunça giň gepleşikleriň şonda binýady goýlan däpleriniň dowamatlylygy we zerurlygy tassyklanylýar.

Türkmenistan onuň yzygiderli tarapdary hem-de işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, syýasy derejede, ilkinji nobatda, BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli, çuň manyly we anyk kararnamalaryň başyny başlady. Baş Assambleýanyň şu mejlisiniň barşynda biz Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynyň düzgünlerine daýanyp, adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde ulag durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmegi dowam ederis. Bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 29-njy iýulynda kabul edilendigini ýatladýaryn.

Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip edýäris. Bu maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, ählumumy derejede ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir diýip hasaplaýarys.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygyna siziň ünsüňizi çekesim gelýär. Ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler hut şolara has güýçli täsir etdi. Hut şol sebäbli-de, olara çökgünlikden soňky derejä çykmak beýlekilerden kyn boldy. Häzirki wagtda dünýä bileleşigine BMG, halkara edaralar arkaly şu ýagdaýdaky döwletlere kömek we goldaw bermek, şol sanda dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyň pese düşmegini ýeňip geçmekde goldaw bermek wajypdyr diýip hasaplaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, ulag boýunça netijeli we maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga jogapkärli hem-de başlangyçly goşandyny goşmagyny dowam edip, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisiniň, halkara edaralaryň öňümizdäki maslahata gatnaşmagyny göz öňünde tutmagyny haýyş edýärin. Guramaçylar hökmünde biz ony geçirmek boýunça islendik çuň many-mazmunly başlangyçlara, tekliplere we maslahatlara açykdyrys.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Häzir çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt çykmaga gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütler zerurdyr. Biziň pikirimize görä, BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmak, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmak hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak munuň üçin oňaýly şertleri döreder.

Şeýle ýakynlaşmagyň görnüşleri, olaryň geografik ýagdaýy, tizligi we ugurlary dürli bolup biler. Esasysy bolsa, olaryň özara bähbitleri nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyga ýardam etmegi, durnukly ösüşiň ählumumy meýilnamalaryna goldaw bermegi zerurdyr. Elbetde, olar syýasylaşdyrmakdan azat bolmalydyr.

Türkmenistan özüniň şu maksatlara we ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýar. Olaryň çalt amala aşyrylmagy üçin has ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Üns berip diňländigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri we netijeli işleri arzuw edýärin.