Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

view-icon 2739

(2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry)

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Ilki bilen, Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylaryna şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!

GDA-nyň çäklerindäki bilelikdäki çäreler şu ýylda belli bir derejede Arkalaşygyň uly ýubileýiniň — onuň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär. Elbetde, bu sene häzirki wagtda biziň ähli işimize aýratyn many-mazmun çaýyp, bu işi geçen döwürde toplanan tejribe we şol bir wagtyň özünde GDA-nyň öňümizdäki ýyllardaky geljegi bilen sazlaşdyrmagy talap edýär.

Umuman, mälim bolan çylşyrymlylyklara garamazdan, GDA-nyň işi yzygiderli, bellenen düzgünlere we öňünden tassyklanylan iş tertibine hem-de meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar diýip hasaplaýaryn.

Biziň pikirimize görä, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ählumumy işlerde durnukly orny gazanmak maksady bilen, Arkalaşygyň umumy senagat, serişdeler, tehnologik kuwwatyndan peýdalanmak geljekki ýyllaryň möhüm wezipeleri bolup durýar. GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli kabul edilen Strategiýasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyk kesgitleýär.

Häzirki wagtda esasy wezipe bu resminamanyň üstüni anyk many-mazmun, netijeli işler bilen ýetirmekden ybaratdyr. Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar hem-de tehnologiýalar ýaly ugurlar görkezildi.

Bular biziň halkara bazarlarda üstünlikli bäsdeşlik edip biljek, geljekki hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ulgamlarymyzdyr. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, serhetdeş ýurtlaryň, goňşy sebitleriň biziň taslamalarymyza goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtaýarys. Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge hem-de giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagy üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar diýip hasaplaýarys.

Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dürli halkara forumlarda, GDA-nyň öňki sammitlerinde Türkmenistan Arkalaşygyň Ýewropa ugruna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar GDA-nyň ähli döwletleri tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu gün bolsa şol meýilnamalara ýeterlik derejede itergi bermek hem-de aýdyňlaşdyrmak zerurdyr.

Hormatly kärdeşler!

2022-nji ýylyň aprelinde biz Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýäris. GDA-nyň köp döwletleri üçin munuň özi wajyp meseledir. Oňa Arkalaşyk boýunça kärdeşleriň gatnaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň geljeginiň içgin ara alyp maslahatlaşylmagyna umyt edýäris.

Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň emele gelen binýadyny bilelikde goramagy, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini biziň özara gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda belleýär.

Häzirki wagtda bu wezipe öňkülerden hem has derwaýysdyr. Dünýädäki prosesleriň barşy, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpunyň derejesi şol wezipäniň çözülmegine baglydyr. Şu şertlerde GDA ýurtlary özleriniň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini ulanyp, BMG-de, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde birleşen we düýpli garaýyşlar bilen çykyş etmelidir.

Dünýä syýasatyna hukuga hormat goýmak, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmek zerurdyr.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistan bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylygyň medeniýetini we birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde emele gelen ynanyşmagyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, uly halkara işi geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. 

Arkalaşygyň ýurtlaryny bu çärä gatnaşmaga çagyrýarys.

Halkara gün tertibiniň beýleki birnäçe meseleleri boýunça hem GDA ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň oňat geljegi bar diýip hasaplaýarys. Bular ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly wajyp wezipelerdir. Bu ugurlar boýunça hem BMG-de we ýöriteleşdirilen halkara forumlarda hereketleri utgaşdyrmagy güýçlendirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Häzirki şertlerde koronawirus pandemiýasyna garşy durmagyň hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy öz-özünden düşnüklidir.

Biziň döwletlerimize ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde beýan edilen başlangyçlaryna ünsi çekesim gelýär. Olaryň esasy mazmuny täze görnüşli koronawiruslaryň gelip çykyşynyň tebigatyny, şolaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga gönükdirilen täze köptaraply gurallary döretmekden ybaratdyr.

Bu teklipleri goldamaga hem-de olary BMG-niň çäklerinde ilerletmäge çagyrýarys.

Medeni-ynsanperwer ulgam GDA-nyň döwletleriniň we halklarynyň berk hem-de ygtybarly binýady bolmagynda galýar. Bu ugurda köp işleriň edilendigini we edilýändigini, hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, täze ulgamlary öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belleýäris. Iň esasysy bolsa, ol biziň ýurtlarymyzyň halklary tarapyndan doly goldawa eýe bolýar. Biz ýola goýlan gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga, olary täze görnüşler bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydyrys.

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etdirmäge doly taýýardyr.

Bu gün Arkalaşyk özüniň durmuşa ukyplylygyny, wehimleriň hem-de howplaryň hötdesinden gelmegi başarýandygyny görkezýär, döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Biz bu babatda geljekde bilelikde işlemek üçin esasy şerti görýäris.

Çykyşymy tamamlap, Gazagystan Respublikasyna geljek ýylda Arkalaşykda başlyklygy amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etmek isleýärin.

Şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe biziň işimizi netijeli utgaşdyrýandygy hem-de şu mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirýärin.