Ï Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

view-icon 5064

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 72 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. 

Hytaý hem-de Türkmenistan dostlukly ýurtlar we strategik hyzmatdaşlardyr. Şu ýylyň maýynda biz hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça telefon gepleşigini üstünlikli geçirdik hem-de pikir alyşdyk, esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyk gazandyk. 

Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siziň bilen netijeli işe we dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin bilelikde umumy tagallalary etmäge taýýardyryn. 

Size berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly Türkmenistana hem-de onuň halkyna bolsa gülläp ösmegi, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.