Ï Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

view-icon 5399

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly, netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täsirli gurama bolup durýar.

Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde GDA döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Binagärlik we şähergurluşyk ýyly” diýlip yglan edilmegi bellärliklidir.

GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlyklyk etmeginde geçirilen şu günki mejlisine şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Natalýa Gawrilisa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylaryna şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA-nyň çäklerindäki bilelikdäki çäreler şu ýylda belli bir derejede Arkalaşygyň uly ýubileýiniň — onuň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýär. Elbetde, bu sene häzirki wagtda biziň ähli işimize aýratyn many-mazmun çaýyp, bu işi geçen döwürde toplanan tejribe we şol bir wagtyň özünde GDA-nyň öňümizdäki ýyllardaky geljegi bilen sazlaşdyrmagy talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mälim bolan çylşyrymlylyklara garamazdan, Arkalaşygyň işiniň yzygiderli, bellenen düzgünlere hem-de öňünden tassyklanylan iş tertibine hem-de meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýandygyny nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ählumumy işlerde durnukly orny gazanmak maksady bilen, GDA-nyň umumy senagat, serişdeler, tehnologik kuwwatyndan peýdalanmagy geljekki ýyllaryň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi. GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli kabul edilen Strategiýasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyk kesgitleýär.

Häzirki wagtda esasy wezipe bu resminamanyň üstüni anyk many-mazmun, netijeli işler bilen ýetirmekden ybaratdyr. Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar hem-de tehnologiýalar ýaly ugurlar görkezildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bular biziň halkara bazarlarda üstünlikli bäsdeşlik edip biljek, geljekki hyzmatdaşlara amatly şertleri teklip edip biljek ulgamlarymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, serhetdeş ýurtlaryň, goňşy sebitleriň biziň taslamalarymyza goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtady. Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge hem-de giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

GDA-nyň döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen dürli halkara forumlarda, Arkalaşygyň öňki sammitlerinde Türkmenistan GDA-nyň Ýewropa ugruna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar GDA-nyň ähli döwletleri tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu gün bolsa şol meýilnamalara ýeterlik derejede itergi bermek hem-de aýdyňlaşdyrmak zerurdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. GDA-nyň köp döwletleri üçin munuň özi wajyp meseledir. Türkmen tarapy oňa Arkalaşyk boýunça kärdeşleriň gatnaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň geljeginiň içgin ara alyp maslahatlaşylmagyna umyt edýär.

Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň emele gelen binýadyny bilelikde goramagy, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini biziň özara gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda belleýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu wezipäniň hem has derwaýysdygyny nygtady. Dünýädäki prosesleriň barşy, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpunyň derejesi şol wezipäniň çözülmegine baglydyr.

Şu şertlerde GDA ýurtlary özleriniň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini ulanyp, BMG-de beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde birleşen we düýpli garaýyşlar bilen çykyş etmelidir. Dünýä syýasatyna hukuga hormat goýmak, dialogyň medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy gaýtaryp getirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Ýurdumyz bu çözgüdiň başyny başlamak bilen, parahatçylygyň medeniýetini we birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde emele gelen ynanyşmagyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, uly halkara işi geçirdi. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we GDA ýurtlaryny bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Halkara gün tertibiniň beýleki birnäçe meseleleri boýunça hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň oňat geljegi bardyr. Bular ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly wajyp wezipelerdir. Bu ugurlar boýunça hem BMG-de we ýöriteleşdirilen halkara forumlarda hereketleri utgaşdyrmagy güýçlendirmek maksadalaýyk hasaplanylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki şertlerde koronawirus pandemiýasyna garşy durmagyň hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirini azaltmagyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy öz-özünden düşnüklidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz GDA-nyň döwletleriniň arasynda ylmy diplomatiýa, lukmançylyk bileleşikleri ugry boýunça umumy çemeleşmeleri we usullary işläp taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryň has netijeli gurallaryny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde beýan edilen başlangyçlaryna ünsi çekdi. Olaryň esasy mazmuny täze görnüşli koronawiruslaryň gelip çykyşynyň tebigatyny, şolaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga gönükdirilen täze köptaraply gurallary döretmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, GDA boýunça hyzmatdaşlary ýurdumyzyň bu tekliplerini goldamaga hem-de olary BMG-niň çäklerinde ilerletmäge çagyrdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam Arkalaşygyň döwletleriniň we halklarynyň berk hem-de ygtybarly binýady bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi we bu ugurda köp işleriň edilendigini we edilýändigini, hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, täze ulgamlary öz içine alýandygyny nygtady. Iň esasysy bolsa, ol biziň ýurtlarymyzyň halklary tarapyndan doly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ýola goýlan gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga, olary täze görnüşler bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etdirmäge doly taýýardygyny aýtdy.

Bu gün Arkalaşyk özüniň durmuşa ukyplylygyny, wehimleriň hem-de howplaryň hötdesinden gelmegi başarýandygyny görkezýär, döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Biz bu babatda geljekde bilelikde işlemek üçin esasy şerti görýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, Gazagystan Respublikasyna geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygy amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe bilelikdäki işi netijeli utgaşdyrýandygy hem-de şu mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sammitiň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegine we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen wajyp başlangyçlaryny seljermek teklip edildi.

Sammitiň jemleri boýunça ynsanperwer, migrasiýa we özara gatnaşyklaryň beýleki ulgamlary babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

Türkmen tarapy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda”, “GDA-nyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda”, “Moldowa Respublikasynyň Komrat şäheriniň 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakynda” çözgütlerine gol çekdi.

Şeýlelikde, şu sammit Arkalaşygyň döwletleriniň köpugurly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşýar.