Ï «Altyn asyr» topary futbol boýunçaTürkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandy

view-icon 3594
«Altyn asyr» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandy

Aşgabadyň «Altyn asyr» topary 1-nji tapgyryň duşuşygynda Marynyň «Energetigini» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandy.

Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen oýnuň 11-nji minudynda geçen ýylyň milli birinjiligiň iň tapawutlanan hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy. 66-njy minutda Mihail Titow hasaby 2:0-a ýetirdi. Oýnuň esasy wagtyna goşmaça berlen wagtda bolsa Begmyrat Baýow üçünji pökgini tora saldy.

Bu «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň ikinji ýeňşidir. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewden tälim alýan türgenler 5-nji tapgyryň soňa geçirilen oýnunda «Aşgabatdan» 3:1 hasabynda üstün çykypdylar.

Iki oýundan soň «Altyn asyryň» 6 utugy bar, onuň şu tapgyrda Aşgabatda Balkanabadyň «Nebitçisini» 2:0 hasaynda utan «Ahal» toparyňkydan 2 utugy kän. Türkmenistanyň wise-çempionynyň hatarynda Ilýa Tamurkin (28-nji minutda) we urgusynyň netijeliligi boýunça AFK-nyň Kubogy -2021-iň saýlama futbolçysy Elman Tagaýew (61-nji minutda) tapawutlandylar.

Türkmenbaşynyň «Şagadamy» öz meýdançasynda «Merw» topardan 4:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Begenç Alamowyň (6-njy minutda) we Pirmyrat Gazakowyň (27-nji minutda) tagallasy bilen maryly oýunçylar öňe saýlanyp, duşuşygyň 82-nji minudyna çenli 2:1 hasaynda öňde barýardylar.

Ýöne «Merw» toparynyň goragçylarynyň säwlikleri bilen oýnuň ahyry düýpgöter özgerdi duruberdi. Duşuşygyň gutarmagyna 8 minut galanda Farhad Italmazow hasaby deňledi – 2:2. Goşmaça berlen üç minut wagtda Hemra Amanmämmedow (90+2) we Yhlas Magtymow (90+5) geçen ýylyň çempionatyň bürünç baýragynyň eýesine ýeňiş getirdiler. Duşuşygyň 14-nji minutda ilkinji pökgini hem Y. Magtymow geçiripdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 26-njy oktýabrdaky «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň 1-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynyň 12-nji noýabra geçirilendigini habar berdiler.

«AA»-nyň habarçysy