Ï Magtymgulynyň şygyrýeti çagalaryň döredijiliginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň şygyrýeti çagalaryň döredijiliginde

view-icon 9547
Magtymgulynyň şygyrýeti çagalaryň döredijiliginde

Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly, ajap eýýam gelendir!» atly sergi açyldy. Onuň goşgularyndan ylham almak bilen, 3-4-nji synp okuwçylary tematik işleri taýýarladylar we olaryň iň gowulary sergä girizildi.

Mekdebiň şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, zergärlik sungatyny we haly dokamagy öwrenýän ýaş okuwçylary eziz Diýarymyza we Gündogaryň meşhur filosofy, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutan şahyryň döredijiligine bolan söýgüsini beýan etmäge synanyşdylar. Bu ýerde çeper eserlerde türkmen halkynyň taryhy we häzirki röwşen zamany biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

– Sapaklarda biz köplenç nusgawy şahyrlarymyz Zeliliniň, Azadynyň we beýlekileriň goşgularyna ýüzlenýäris – diýip, Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, at gazanan medeniýet işgäri Lýudmila Ulakina gürrüň berýär –Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okuwçylarymyz has-da gowy görýärler. Ata Watana söýgini we watan tebigatyny wasp edýän şahyrana keşpler çagalarda watançylyk hem hoşniýetli goňşuçylyk duýgusyny terbiýeleýär. Mekdebimizde okuwçylaryň arasynda tematik bäsleşikler geçirmek gowy däbe öwrüldi. Çagalaryň öz işlerini nähili höwes we ylham bilen döredýändigini synlamak ýakymly.

Sergide zergärleriň, heýkeltaraşlaryň we haly bölüminiň okuwçylarynyň iň ajaýyp eserleri doly suratda utgaşýar. Bu ýerde görkezilýän gobelenleriň biri ünsi has-da özüne çekýär. Ol «Şarlawuk» diýlip atlandyrylypdyr. Ony döretmek üçin haly bölüminiň okuwçylarynyň giden bir topary işläpdir. Çylşyrymly elementleri ýokary synp okuwçylary ýerine ýetiripdirler.

Ýaşajyk zergärleriň işleri aýratyn saýlanýar. Sergide goýlan iň nepis şaý-sepler özlerinde adaty usullary we häzirki zaman dizaýnyny jemleýär.

Magtymguly Pyragynyň edebi eserlerini öwrenmek bilen, häzirki döwürden şahyryň ýaşan döwrüne geçmek bolýar. Onuň dogduk mekanyna bolan çuňňur duýgudan doly şygyrýeti, paýhasyň we abraýyň janly beýanydyr, olar her kesiň kalbyna ýol tapýar.

Larisa Fomina
Surat awtoryňky