Özboluşly türkmen şahyry Dosmämmediň ömri baradaky maglumatlar onuň goşgylaryndan, şahryň nebereleriniň gürrüňlerinden aýan bolýar.
Ol 1815-nji ýylda dünýä inýär. Kakasy Gurbanguly molla dindar adam bolupdyr. Ogullarynyň dördüsine-de — Dosmämmede, Orazmämmede, Öwezmämmede we Nurmämmede başlangyç bilimi onuň özi beripdir.
Okan döwri geljekki şahyr Gündogar edebiýaty we halk döredijiligi bilen içgin gyzyklanypdyr. Dosmämmet ilkinji goşgylaryny çaga döwri döredýär. Kakasynyň wepat bolmagy onuň durmuşyndaky ilkinji urgy bolsa, zor bilen başga berlen, göwün beren ýary Aýjemal atly gyzdan aýra düşmegi ikinji urgy bolýar. Aýjemal henizem şahry söýýändir güman eden gabanjaň adamsy gelniň heläk bomagyna sebäp bolýar.
1970-nji ýylda döredilen «Keçpelek» filmi bagşynyň ykbalyndan söhbet açýar, onuň sazyny Nury Halmämmedow ýazypdy. Bu filme saz döretmäge kompozitora Dosmämmediň elegiýalary itergi beripdir.
Başyna düşen apatlara garamazdan, şahyr Muhammetnur, Ýusupsytdyh we Molla Gapur atly üç ogluny ýürekden söýüpdir. Muhammetnur we Ýusupsytdyh çaga döwri ýogalýar. Şahyr perzentleriniň ýürek awusyny «Ogul» hem-de «Aglaşar» goşgularynda beýan edýar.
Şahyryň ömrüniň aglaba bölegi Änewde geçýär. XIX asyrda bu galanyň ilaty çapawulçylygyndan, ejir çekipdirler. Bir gezek gabaw 13 aýa çekipdir we Änew galasynyň ilaty agyz suwdan kesildiler.
Batyrgaý hem edermen Dosmämmet gije dostlary üçin suw almaga gidende agyr ýaralanýar.
Bagşynyň haçan ýogalandygy aýan däl. Dürli çeşmelere görä 1865 ýa-da 1867-nji ýyllara gabat gelýär. Diňe onuň gabawlaryň birinde obadaşlaryna kömek etjek bolanda wepat bolandygy nygtalýar. Dosmämmediň nebereleri ogly Molla Gapurdan ýaýraýar.
Dosmämmediň döredijiligi bilen XIX asyryň ahyrynda gyzyklanyp başlaýarlar. Geçen asyryň başynda onuň döredijiligi hem alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Meselem, 1902-nji ýylda russiýaly gündogarşynas, akademik Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç özüniň Türkmenistana ilkinji saparynda beýleki şahyrlaryň goşgylary bilen bir hatarda Dosmämmediňem elegiýalarynyň birnäçesini ýazyp alýar. Şahyryň eserleriniň käbiri 1917-nji ýylda «Закаспийская туземная газета»-da çap edilýär.
Şahyryň döredijiligini öwrenmekde we goşgylaryny ýygnamakda onuň eserleriniň muşdagy K.Agalyýew köp iş edipdir. Ol 1945-nji ýylda akademik B.Garryýewiň redaksiýasynda şahyryň ömri we döredijiigi barada maglumatlar bilen birlikde onuň goşgylaryny hem çap edýär.
Şeýle hem filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangül Guzyçyýewa 1995-nji ýylda şahyryň edebi mirasy boýunça dissertasiýa gorap, bagşynyň döredijilgini öwrenmäge uly goşant goşdy.
Roman Teplýakow