Ï Türkmen futbolçylary Aziýanyň ýaşlar kubogynyň (U-23) jemleýji ýaryşyna ilkinji gezek çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen futbolçylary Aziýanyň ýaşlar kubogynyň (U-23) jemleýji ýaryşyna ilkinji gezek çykdylar

view-icon 4152
Türkmen futbolçylary Aziýanyň ýaşlar kubogynyň (U-23) jemleýji ýaryşyna ilkinji gezek çykdylar

Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň (23 ýaşa çenli) futbolçylary 2022-nji ýylyň 1 – 19-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek Aziýa kubogynyň soňky tapgyryna ilkinji gezek çykdylar. Olar bu ajaýyp üstünlige üç toparyň gatnaşmagynda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda geçirilen «F» topary boýunça saýlaw ýaryşynyň netijeleri boýunça ýetdiler.

Birinji oýunda türkmen futbolçylary iordaniýaly deň-duşlaryndan 0:1 hasabynda utuldylar, ikinji oýunda bolsa palestinaly garşydaşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar. Ýaryşyň jemleýji oýnunda iordaniýalylar bilen palestinalylar 1:1 hasabynda deňe-deň oýnadylar.

Beýleki toparlaryň duşuşyklarynyň netijelerine görä, soňky oýnunyň netijesine bagly bolmazdan, Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmaga hukuk gazandy.

Ozal geçirilen bije atyşyga laýyklykda, 42 topar 11-e bölünipdi, olardan ýeňijiler we ikinji ýerleri eýelänleriň arasyndan iň gowy dört topar Aziýa ýaşlar çempionatynyň soňky tapgyryna çykdy.

Owganystanyň, Bruneýiň, Hytaýyň we KHDR-iň toparlarynyň ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürmekleri netijesinde uly toparlardaky toparlaryň sany dürli boldy. Bu ýagdaýda ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşjaklary saýlamak üçin, dördünji orny eýelän toparlara garşy geçirilen duşuşyklaryň netijelerini göz öňünde tutmazlyk kararyna gelindi.

Şeýlelikde, 3 utuk we (3-2) gol tapawudy bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşda ikinji ýerleri eýelänleriň arasynda iň gowy görkezijisi bolan dört topara girdi we jemleýji ýaryşda özüne ýer üpjün etdi.

Türkmenistanyň toparyny bu üstünlige dürli toparlar bilen işlemekde uly tejribe toplan 42 ýaşly baş tälimçi Ahmet Agamyradow alyp bardy. Onuň ýolbaşçylygynda «ýaşlarymyzyň» «Arkalaşygyň Kubogy-2015» iň gowy dört topara girendigini ýatladalyň.

Saýlawyň netijelerine görä, ýaşlar (U-23) Aziýanyň kubogy-2022-niň soňky bölegine gatnaşmak hukugyny Katar, Eýran, Yrak, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Awstraliýa, Iordaniýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Ýaponiýa, Taýland, Türkmenistan we Özbegistan (er eýesi hökmünde) gazandy. Wetnamyň, Mýanmanyň, Saud Arabystanynyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ugrunda bäsleşjek galan üç orna kimiň eýe boljakdygy 2-nji noýabrda «D» we «I» toparlardaky jemleýji oýunlaryň netijelerinden soň belli bolar.

Saýlaw tapgyry bolan tamamlaýjy oýunlardan soň, iň gowy üç futbol topary 2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Aziýanyň wekili bolar.

«AA»-nyň habarçysy
Surat Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyňky