Ï «Gaz» kükürdinden alynýan polimerbeton
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gaz» kükürdinden alynýan polimerbeton

view-icon 7436
«Gaz» kükürdinden alynýan polimerbeton

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary (ylmy ýolbaşçysy – himiýa ylymlarynyň kandidaty K.Mawyýew) tebigy we gidromineral çig mal himiýasy hem-de tehnologiýasy laboratoriýasynda «gaz» kükürdinden we bu maddanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmeginiň galyndysyndan ýeňil kükürt betonyny we polimerbeton almagyň usulyny işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi döwlet gullugy himiýaçy alymlaryň täze işine oýlap tapyşa çäkli patent berdi.

Himiýa institutynyň alymlary tebigy gaz arassalananda ummasyz möçberde galýan kükürdi ulanmak arkaly täze materiallary almak mümkinçilgini öwrenýärler. Bu mesele, birinjiden, kükürt köpelmegi bilen bagly ekologiýa meselesini çözýär, ikinjiden – täze ýol-gurluşyk materiallary alynýar.

Ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň iri gorlarynyň birnäçesi açyldy we işe girizildi, olarda nebit önümleriniň hem-de harytlyk gazyň senagat taýdan önümçiliginde kükürdiň 5-den 7 göterimi bolýar. Gyýanlyda we Owadandepede işe girizilen kuwwatly gazhimiýa toplumlarynda hem tebigy gaz kükürt garyndylaryndan arassalanylýar. Häzir dünýäde bu çig mal ulanylýanyndan 10 göterim artyk öndürilýär. Şonuň üçinem kükürt öndürýän ýurtlaryň ählisinde bu ugur ileri tutulýar we ony ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň pikirine görä, ýurdumyzda kükürdi peýdalanmagyň, aýratyn-da mineral çig maly esasy ulanyjylar bolan Türkmenistanyň ýol-gurluşyk hojalyklarynda geljegi uludyr.

Himiýa instituty sekiz ýyl bäri ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolan «Türkmenhimiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Senagat we gurluşyk materiallary ministrligi, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bilen hojalyk-şertnamasy şertlerinde ylmy barlaglary alyp barýar.

Bu ýerde mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň ylmy esaslary işlenilip taýýarlanylýar, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri we himiýa senagaty üçin kärine ussat hünärmenler taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty şu ýylyň 9 aýynda çäkli patentleriň 7-sini aldy. Himiýaçy alymlaryň işleriniň 50-den gowragy «Ylym» neşirýatynyň çykaran ýygyndysyna girizildi. Olarda daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek, önümçilikde iň täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ulanmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri döretmek bilen bagly ykdysady taýdan netijeli ylmy barlaglary önümçilgie ornaşdyrmaga üns berilýär.

Wladimir Komarow