Ï Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26-ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasy geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26-ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasy geçirilýär

view-icon 8283
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26-ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasy geçirilýär

Şu ýylyň 20-nji noýabryndan 6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasyny geçirer.

Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň wezipesi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada iňlis diinde makala ýazmakdyr. Bu wajyp baýram mynasybetli berlen olimpiada temasy döredijilikli pikirlenmek üçin giň gerim berýär.

Türkmen diplomatiýasynyň şanly taryhy we ýurdumyzyň häzirki daşary syýaast strategiýasy türkmen halkynyň hemişe dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykda we ylalaşykly ýaşamaga ymtylyşy bilen badaşandyr. Hemişelik Bitaraplyk durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň, döwlet abadançylygynyň, halkyň bagtly durmuşynyň we ertirki güne ynamynyň esasydyr,

Awtorlaryň tema düşünişini we ol baradaky düşünjeleriniň nähilidigini bäsleşigiň netijesi görkezer. Makalalara eminler bäsleşige gatnaşýanlaryň iki derejesi boýunça baha bererler. Birinji derejä degişli topar žurnalistika ugrunda okaýanlardan ybarat bolar, ikinji topara bolsa ýokary ouw jaýlarynyň beýleki ugurlar boýunça okaýan talyplary girerler.

Döredijilik gözden geçirilişiniň şertlerine görä, awtorlyk makalalar gysga (300 – 500 söz), ýöne manyly bolmaly. Işlere baha berlende, olaryň tema çuňňur bap gelmegi, edebiýat ogurlygynyň ýoklugy, talybyň iňlis dilini biliş derejesi we onuň grammatik kadalarynyň ýerine ýetirilişi ýaly ölçegler göz öňünde tutular.

Olimpiada gatnaşmak üçin, guramaçy okuw jaýynyň iuhd.edu.tm resmi saýtynda bellige alynmaly, soň taýyn makalaňy şu ýylyň 5-nji dekabryna çenli iuhd.org@gmail.com salgysyna ibermeli.

Anastasiýa Kasýanowa