Ï Kädi – saçaklarymyzyň bezegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kädi – saçaklarymyzyň bezegi

view-icon 9169
Kädi – saçaklarymyzyň bezegi

Kädi bakja önümi bolup, ol halkymyzyň saçagyna bereket goşýar. Kädiniň gelip çykyşyny Merkezi we Günorta Amerika bilen baglanyşydyrýarlar we ýabany görnüşinden başga hem ýarym ýabany kädileriň köpdürli görnüşleriniň bardygy subut edilendir.

Kädi ähli ýaşdaky ynsanlar üçin iň bir peýdaly önümleriň biri hasaplanylýar. Lukmanlar ony islendik görnüşde — gaýnadyp, buglap iýmegi peýdaly hasaplaýarlar. Bu bolsa onuň düzümindäki witaminleriň saklanyp galýandygyndan nyşandyr.

Lukmanlaryň aýtmaklkaryna görä, kädi adamyň immunitetini güýçlendirýär. Ol sowuklama, dümew, sary getirme keseline garşy we rak keseliniň öňüni alamakda örän peýdalydyr. Şeýle hem kädiniň gan basyşyny kadalaşdyrmakda, aşgazan asty mäzleriniň, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işleýşini ýokarlandyrmakda uly peýdasynyň bardygy bellenilýär. Dü­zü­min­de dem­riň uly muk­da­ry­ny sak­la­ýan bu önüm, ga­naz­lyk­dan kö­sen­ýän­ler üçin gym­mat­ly önüm­dir. Şeý­le hem kä­di be­den­den zä­her­li mad­da­la­ry, şlak­la­ry we ar­tyk­maç ho­les­te­rin­le­ri çy­kar­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şo­nuň üçin kä­di ýü­re­ga­gy­ry­ly­la­ra hem-de be­de­ni­ni ga­lyn­dy­lar­dan aras­sa­la­mak is­le­ýän­le­re ju­da peý­da­ly­dyr. Kä­di dü­zü­min­de ka­li­niň uly muk­da­ry­ny sak­lap, be­den­den su­wuk­ly­gyň çyk­ma­gy­ny tiz­leş­dir­ýär. Kim ýü­re­ga­gy­ry­dan, böw­rek­den, pe­şew ýol­la­ry­nyň nä­saz­ly­gyn­dan ejir çek­ýän bol­sa, kä­di ju­da peý­da­ly­dyr. Kä­di şi­re­si öz dü­zü­min­de ju­da seý­rek bo­lan T wi­ta­mi­ni­ni sak­lap, ga­nyň dü­zü­mi­ni dur­nuk­laş­dy­ryp, diş­le­riň ga­na­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Kä­di­niň dü­zü­min­dä­ki A wi­ta­mi­ni göz­le­riň sag­ly­gy­na ýar­dam be­rip, gör­şü­ňi go­wu­laş­dyr­ýar. Umu­man, kä­di ýa­ra ýa­py­lan­da, aş­ga­za­nyň nem­li bar­da­sy çi­şen­de tiz bi­tir­ýär, kä­di çi­gi­di pros­ta­ti­ti be­jer­mek­de ta­pyl­gy­syz önüm­dir.

Kädi iýun-iýul aýlary gülleýär. Onuň gülleri iri we sary bolýar. Kädi sentyabr-oktýabr aýlary ýetişýär. Örän köp dürli bolan kädi togalak, süýri görnüşli bolup, agramy 20 kilograma çenli bolup bilýär. Kädiler maşgalasyna kabaçok, patisson, iri kädi, daş kädi degişlidir.

Kädi türkmen topragynda ýetişýen bol hasylly bakja önümi hasaplanylýar. 100 gr kädiniň düzüminde 25 kaloriýanyň bardygyny bilýärsiňizmi? Kädi witaminlere iň baý önümleriň biridir.

Kädiniň düzüminde: şeker, krahmal, karotin, kalsiý, kaliý, natriý, magniý, fosfor, demir, mis, marganes, kobalt, sink, molibden, ftor, kremniý, ýaly organiki duzlar bar, şeýle – de, C, B1, B2, B6, PP, E, witaminleri bar diýip alymlar belläp geçýärler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oba hojajlyk pudagynda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Gözel Diýarymyzyň her bir güni toý dabaralara beslenýär. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Her bir baýramda kädi saçaklarymyzyň bezegidir.

Azady Myradow