Ï Immmunitete peýdaly Gündogar iýmişleriImmmunitete peýdaly Gündogar iýmişleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Immmunitete peýdaly Gündogar iýmişleri

view-icon 10332
Immmunitete peýdaly Gündogar iýmişleri

Häzirki dietologlaryň pikirine görä, Gündogar iýmişleri – kişmiş, kakadylan erik, hurma we guradylan garaly beden ýaşlygy we ýürek sagdynlygy üçin has peýdaly nygmatlardyr. Bu iýmişler gadym döwürleden bäri türkmen saçagyny bezäp gelýär. Ir döwürler pederlerimiz çaý başynda ir-iýmiş iýipdirler.

Kerwendäkiler uzak ýola rowana bolanlarynda hem ýany bilen ir-iýmiş alypdyrlar. Alys illere saparlarda olar bedeni zerur witaminlerdir minerallar bilen üpjün edip, güýç-kuwwat beripdir.

Mysal üçin, kişmiş mikroelementlere we witaminlere baýdyr. Onuň düzümindäki ýod galkan şekilli mäziň işleýşini gowulandyrýar, kaliý, В topar witaminleri gan basyşyny peseldýär, şeýle hem bedeniň sowuklamasyny azaldýar. Nerw argynlygynda we ukusyzlykda kişmiş iýmek maslahat berilýär.

Witaminlere baý meýiz erigem bedeniň kesellere durnuklulygyny ýokarlandyrmaga peýdalydyr. Kakadylan erik böwrek kesellerinde peýdalydyr, çünki ol peşew çykarylyşyny gowulandyrýar. Ol aşgazan-içege ýollarynyň işleýşine gowy täsir edýär. Onuň düzüminde süňk dokumalaryny berkitmäge ýardam edýän kalsiý, magniý,demir, fosfor we natriý bar.

Guradylan garaly hem ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Onuň düzümindäki bor osteoporoza garşy göreşmäge ýardam edýär. Şeýle hem ol ganazlykda haýyrlydyr, onuň düzüminde antioksidantlar köpdür.

Hurma uzak ýaşaýanlaryň iýmiti hasaplanylýar. Mise, demire, magnä, sinke, margense, kalä we kalsä baý bu miwe beýni işini güýçlendirýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, wirusly ýokanç kesellere we üsgülewüge garşy göreşmäge ýardam edýär.

Bu miweler örän ýokary kaloriýalydyr – 100 gram hurmada 274 kaloriýa bar, şeýle hem onda А, С, В1, В2 we В6 witaminler bar.

Pars nakylynda: «Bişmedik üzüm kişmiş bolar, ýöne kişmiş hiç wagt üzüm bolup bilmez» - diýilýär. Şonuň üçinem miweleri kakatmak hasyly saklamagyň has gadymy usullarynyň biri bolupdyr. Şunda ir-iýmişler peýdaly sypatlaryny saklaýarlar, olaryň ýokumlylygy ýokary bolýar, olar ýeňil özleşýän şekere baýdyr. Ýöne her bir süýji tagamyň çak-çenini bilmelidigini hem ýatdan çykarmaly däl.

 Swetlana Çirsowa