Ï Türkmenistanly talyp gyz Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyp gyz Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykdy

view-icon 5163
Türkmenistanly talyp gyz Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykdy

Mariý döwlet uniwersitetiniň (MarDU) «Bejeriş işi» hünäri boýunça 4-nji ýyl talyby, türkmenistanly Regina Ergaşewa  «Ýylyň talyby. Lukmanlar» birinji Bütinrussiýa bäsleşiginiň finalyna çykanlaryň sanawyna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygy habar berýär.

Jemleýji tapgyra Russiýanyň sebitleriniň 37-sinden 100 talybyň çykandygyny bellemek gerek. Bäsleşik Russiýanyň Ýaşlar Birleşiginiň we «Russiýa – mümkinçilikler ýurdy» prezident platformasynyň bilelikdäki taslamasy bolan «Ýylyň talyby. Lukmanlar» Russiýa milli baýragynyň çäklerinde guraldy. Oňa Russiýanyň sebitleriniň 40-dan  lukmançylyk ulgamynda aýratyn üstünlik gazanan talyplar gatnaşýarlar.

Russiýanyň Ýaşlar Birleşiginiň başlygy Pawel Krasnoruskiý lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň häzir ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna, meýletinler taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklaryny, işi agdyk lukmançylyk guramalarynda işeýändiklerini, «МыВместе» («BizBile») çäresiniň çäklerinde mätäçlere kömek berýändiklerini belledi. Ol şeýle hem  bäsleşigiň, şol sanda lukmançylyk kärine  islegiň artýan döwri bäsleşigiň ösjekdigine ynam bildirdi, oňa gatnaşýanlaryň tejribesi we bilimi olaryň hünär başarnygyna gymmatly goşant bolar.

Bäsleşigiň finaly 2021-nji ýylyň 26-njy noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda  Hanty-Mansiý awtonom okrugynda geçirler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş Konsullygy (Kazan ş.) Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplara hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Geçen ýylyň iýun aýynda  Mariý döwlet uniwersitetiniň (MarDU) rektory M.N. Şwesow, şeýle hem şol ýerde okaýan türkmen talyplary  bilen geçirlen duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda talyplary alyşmak, Türkmenistanyň we Mariý El Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň özara saparlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem türkmen talyplaryndan «Ynanyşmak» futbol topary döredilip, toparyň oýunçylaryna futbol eşikleri we esbaplary gowşuryldy.