Ï A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatr iki uýanyň gatnaşyklary barada oýun goýdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatr iki uýanyň gatnaşyklary barada oýun goýdy

view-icon 4807
A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatr iki uýanyň gatnaşyklary barada oýun goýdy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda bu spektaklyň döreýşi üýtgeşik. Bir gezek aktrisa Sofýa Stepanýans režisýor Natalýa Laukerte Andreý Wasilýewiň «Uýalar» pýesasyny okap görmegi teklip etdi.

Natalýa Andreýewna: – Gyzykly eser. Belki, ony sahnalaşdyrsak gowy bolar. Tomaşaçy sungat ybadathanasyna diňe gülkünç ýagdaýa gülmek üçin gelenok ahyry. Ýöne onuň soňky çözgüdini üýtgedeli – ol gowulyk bilen gutarsyn – diýdi.

Pýesanyň gysgaça mazmuny şeýleräk. Anna edeni ugruna bolup duran özünden kiçi uýasy alçak Olga basdaşlyk edýär. Ol doganyny öýden gider ýaly edýär, ony öýsüz we maşgala goldawsyz goýýar, Olganyň duşuşan adamsyny alyp gidýär. Anna zada zar däl ýaly görünýär: ajap öýi, ýanýoldaşy, çagalary, käri bar. Ýöne kem-kemden durmuşyndan göwni geçip ugraýar.

Ençeme ýyldan soň Olga mirasa hukugyny talap etmäge gelende olaryň arasyndaky dawa hasam güýjeýär. Öte giden dawanyň soňunda, olar dünýede özlerinden başga ýakyn hossarlarynyň ýokdugyny boýun alýarlar.

Annanyň keşbini Sofýa Stepanýanyň döretjegi dessine aýan boldy. Kiçi uýasynyň keşbini Anastasiýa Zagorodnewa ynansaň nähili bolar? Sofýa we Anastasiýa – tejribe toplap ýetişmedik ýaş aktrisalar. Spektaklda iki keşp bar, aktrisalar iki sagada golaý tomaşaçylary dartgynly halda saklamaly. Bolsa-da, Sofýadyr Anastasiýa keşpleri ýerine ýetirmäge hötde geldiler.

Pantomima spektakla üýtgeşik bezeg berdi. Horeograf Maýa Pürsiýanowanyň goýan tansyny Anastasiýa Balandina bilen Lýubow Ýemelýanowa ussatlarça ýerine ýetirýärler. Tansçylaryň ikisem aly aňladýan nikaply çykyş edýärler. Olar çar ýana çyrpynyp, uýalaryň içki duýgusyny beýan edýärler, bir-birine düşünjek bolýarlar, ýöne ol başardanok. Öýke täzeden köňülde höküm sürýär.

Nikaplar ikinji bölümde eýýäm başgaça. Aç-açan ýürek döküşmeler bilen olar ýüregini päkleýärler. Indi olaryň hereketi mähriban adamlaryň bir-birege söýgüsini aňladýar.

Pýesanyň ahyrky çözgüdini näme üçin üýtgedendigini soranymyzda Natalýa Laukert:

– Geljek asylly adamlaryňky bolmaly diýip pikir edýärin. Islendik säwligi we ýaramaz endigi toba bilen düzedip bolar – diýip jogap berdi.