mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistandan we GDA agza döwletleriniň talyplaryň arasynda rus dili boýunça bäsleşik

view-icon 2665
Türkmenistandan we GDA agza döwletleriniň talyplaryň arasynda rus dili boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistandan we GDA agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplarynyň arasynda yglan eden bäsleşigi «Rus dili - milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili» diýlip atlandyrylýar. Bäsleşik her ýyl ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlandy.

Bäsleşige «Halkara gatnaşyklary» hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Oňa gatnaşmaga FAA, okaýan ýokary okuw mekdebi we hünäri görkezilen talapnamalar 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli hgi.ddkafedra@online.tm elektron poçta boýunça kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar rus dilinde «Öňüni alyş diplomatiýasy» temasyndan setir arasy 1,5 , А-4 ölçegli kagyzda TimesNewRoman 14 ölçegde 2,5-3 sahypalyk esse ýazmaly. Mundan başga-da, olar öz ýurdunyň meşhur gözel ýerleri barada wideoşekiller taýýarlamalydyrlar.

Işleriň ýanyna FAA, ýurdy, okaýan ýokary okuw mekdebi, terjimehaly, telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy barada maglumat we 3х4 ölçegli fotosuratyny goşmaly.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň işlerine baha berlende dil we ýazuw başarnygy, leksikany we grammatikany bilişi, döredijilikli çemeleşmesi hem göz öňünde tutular.

Rus dilini suwara bilýän zehinli we başarnykly talyplara – bäsleşgiň ýeňijilerine we baýrakly orunlary eýelänlere diplomlardyr sylaglar Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabarada gowşurylar.

Bäsleşik Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek milli konsepsiýalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerine guralýar. Dil bäsleşigi ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklaryny berkitmäge we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge, talyp ýaşlarda milletara gepleşik we BMG-nyň resmi dilleriniň biri hökmünde rus dilini öwrenmäge höwesi artdyrmaga gönükdirilendir.