mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda iki topar öňde barýar

view-icon 2518
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda iki topar öňde barýar
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda iki topar öňde barýar. 8-nji tapgyryň netijeleri boýunça «Altyn asyr» bilen «Ahal» öňdäki orny paýlaşýarlar. «Ahal» topary myhmançylykda Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen – 0:0 hasabynda deň oýnap, bassyr iki oýny deň tamamlady. «Altyn asyr» bolsa Maryda ýerli «Energetigi» – 1:0 hasabynda utdy. Oýnuň 38-nji minudynda Rahman Myratberdiýew ýeňiş pökgüsini saldy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 18 utuk bilen goşmaça görekzijileri bilen 1-nji orunda barýan «Ahal» bilen deňleşdi, «Altyn asyr» ikinji ýerde barýar.

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» öňde barýan toparlardan 1 utugy az, ol Nazar Towakelowyň (26-njy we 61-nji minutlarda) geçiren pökgüsi netiejsinde myhmançylykda «Merwi» – 2:1 hasabynda utdy. Mary şäheriniň toparyndan 11 metrlik jerime urgusyny uran (53-nji minutda) Begenç Alamow tapawutlandy.

«Köpetdag» bassyr iki ýeňiş bilen 4-nji ýerde barýar. Geçen tapgyrda Türkmenistanyň IIM-niň topary «Energetigi» – 4:1 hasabynda, «Aşgabady»– 2:1 hasabynda utdy.Ýeňijilerden Ýazgylyç Gurbanow (53-nji minutda) we Elýas Akyýew (65-nji minutda), utulanlardan – Döwran Berdiýew (70-nji minutda) tapawutlandyalr.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 29-njy noýabrda başlaýan 9-njy tapgyrynda «Köpetdag» - «Merw», «Aşgabat» - «Energetik», «Şagadam» - «Nebitçi» bilen duşuşar. Tapgyr 30-njy noýabrda «Ahal» hem-de «Altyn asyryň» duşugy bilen tamamlanar.