mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Onlaýn olimpiada geçirildi

view-icon 2392
Onlaýn olimpiada geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda ykdysadyýet boýunça geçirilen 2-nji onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi.

Ykdysadyýet boýunça olimpiadanyň iň ýokary baýragyna gowy netije görkezen üç talyp mynasyp boldy. Olar Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinden Akja Potdyýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gurbanbaý Gurbanbaýew we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Resul Şamuhammedowdyr.

Hormatly birinji orna 17 talyp mynasyp boldy. 17 ýeňijiden 7-si bäsleşigi gurnan ýokary mekdebiň talyplary bolup, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersiteti ýokary okuw jaýlaryň arasynda öňdeligi eýeledi.

5 sany birinji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary mynasyp boldular. Şeýle-de, olaryň arasynda Hatammyrat Hudaýnazarow (Magtymguly adyndaky TDU), Bibihajar Kulyýewa (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Gunça Rahmanowa (Türkmen Oba hojalyk instituty), Akmyrat Tirkesow (Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty) we Kadyrberdi Annabaýew (Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty) hem bar.

38 ikinji we 41 üçünji orunlara – atlary agzalan ýokary okuw jaýlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary eýe boldular.

Paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky ýokary mekdepleriň ýene 16 wekili höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

HYYÖU-niň ykdysadyýet boýunça güýz möwsüminde gurnan 2-nji onlaýn olimpiadasy bäş temadan ybarat boldy. Akyl-bilim bäsleşigi türkmen we iňlis dillerinde bir tapgyrda geçirildi. Ykdysadyýet boýunça 1-nji onlaýn olimpiada geçen ýylyň güýzünde uniwersitetiň howandarlygynda geçirilipdi.