Ï Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky oýunlary

view-icon 4926
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky oýunlary
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyry Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde üç oýun bilen başlandy. Olaryň ikisinde top derwezä diňe jerime urgusyndan geçirildi.

Aşgabatda «Kopetdag» bilen «Merw» toparlarynyň oýny 1:1 hasabynda tamamlandy.

Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky duşuşykda ýer eýeleriniň jerime meýdançasynda Resul Mahmydowyň eli bilen oýnanlygy sebäpli berlen jerime oýnuň ykbalyny çözdi. Azat Garajaýewiň ýerine ýetiren 11 metrlik erkin urgusy (40-njy minut) kemsiz boldy.

56-njy minutda Resul Mahmydowyň iki sany sary kartoçka almagy bilen, oýundan çykarylandygy sebäpli, «Şagadam» azlykda galdy we galan wagtda ýeňlişiň öwezini dolup bilmedi.

Bu ýeňişden soň 10 utugy bolan «Nebitçi» bäşinji orny eýeleýär. Geçen ýylky milli birinjiligiň bürünç medalynyň eýesi  «Şagadam» bolsa ikinji gezek ýeňlişe sezewar bolup, «Ahal» we «Altyn Asyrdan» öňe geçmek mümkinçiligini elden giderdi.

9-njy tapgyryň ýene bir oýnunda «Aşgabadyň» futbolçylary paýtagtymyzda Marynyň «Energetiginiň» derwezesine bäş jogapsyz top geçirdiler. 

Bu oýunda 41-nji minutdan başlap, Serdar Annamämedowyň iki duýduryş alandygy sebäpli oýundan çykarylandan soň, «Energetik» on oýunçy bolup oýnandy.

Bu ýeňişden soň ozal Aşgabadyň «Kolhozçy» toparynyyň oýunçysy, häzir bolsa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Seýit Seýidowyň şägirtleri 9 utuk bilen dördünji orunda barýan «Köpetdagdan» 2 utuk yza galyp, altynjy orny eýeleýär.