Ï «Altyn asyr» çempionlyga tarap ýene bir ädim ätdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» çempionlyga tarap ýene bir ädim ätdi

view-icon 7326
«Altyn asyr» çempionlyga tarap ýene bir ädim ätdi
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary çempionata tarap ýene bir ädim ädip, onuň yzyndan ýetip gelýän «Ahal» bilen arany 5 utuk artdyrdy.

Bu ýurdumyzyň futbol çempionadynyň 10-njy tapgyryň netijelerinden soň belli boldy, şonda «Ahal» Maryda iň soňky orny eýeleýän «Energetik» bilen 0:0 oýnap, öz ýeňişsiz tapgyryny dört oýna çenli uzaltdy, «Altyn Asyr» bolsa Agabatda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyndan» üstün çykdy – 1:0.

Türkmenistanyň häzirki çempionyna ýeňiş aňsat düşmedi. Oýnuň ýarym sagadynyň ahyrynda myhmanlar hasaby açmak üçin gaty gowy pursaty elden berdiler: «Şagadamyň» hüjümçisi derwezeçi bilen bir-bire çykdy, ýöne topy derwezä gönükdirip bilmedi.

Arakesmäniň 10 minut öňýany ýer eýeleri bir top saldylar, ýöne Merdan Mukadowyň myhmanlaryň goragçysyna garşy göreşde oýnuň düzgünini bozandygy sebäpli, ol top, adalatlylyk bilen hasap edilmedi.

Duşuşygyň ykbalyny oýnuň ikinji ýarymynda Myrat Annaýewiň özüne mahsus häsiýetleri çözdi. Ol 66-njy minutda çep ganatda topy alyp, onuň bilen merkeze, garşydaşyň jerime meýdançasyna baryp çykdy we takmynan 18 metrden derwezä gönükdirdi.

Bu oýundan soň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňişli tapgyryny alty oýna çenli uzaldan «Altyn asyryň» 24 utugy boldy. Ondan soň gelýän «Ahal» bilen «Şagadamda» degişlilikde – 19 we 17 utuk.

Oýnuň 51-nji minutynda Begenç Akmämmedowyň tagallasy netijesinde Balkanabatda «Nebitçini» 1:0 hasabynda ýeňen Aşgabadyň «Kopetdag» topary 14 utuk gazanyp, ilkinji üçlüge has ýakynlaşdy.

10-njy tapgyryň başga bir oýnunda «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabady» agyr ýeňlişe sezewar etdi – 4:0. Ýeňijilerden Begenç Alamow iki top geçirdi (jerime urgusyndan 21-nji minutda we 59-njy), Pirmyrat Gazakow (47-nji), Mukam Nazzyýew bolsa (90 + 3) bir top geçirdi.

Bu ýeňişden soň 10 utugy bolan «Merw» bäşinji orna geçdi. Altynjy orunda barýan «Nebitçiniň» hem şonça utugy bar. 9 utuk gazanan «Aşgabat» sanawda ýedinji hatarda galdy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň oýunlary 10-njy dekabrda geçiriler. Şol gün «Aşgabat» «Nebitçi» bilen, «Şagadam» «Ahal» bilen, «Merw» «Energetik» bilen, «Kopetdag» bolsa «Altyn Asyr» bilen oýnar.