Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda W.Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy» atly komediýasy sahnalaşdyryldy. Ýakynda onuň ilkinji görkezliş dabarasy bolup, oňa gatnaşan belli teatr we döredijilik işgärleri sahna oýnunyň şowly çykandygyny bellediler.
Teatryň döredijilik toparynyň dünýä belli nusgawy dramaturgyň meşhur eserine ýüzlenmegi sahna oýunlaryň köpöwüşgünliligini üpjün edip, tomaşaçylary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna seýle çykarýar.
Bu şowly çykan sahna eserini ýaş zehinli režissýor, şu ýyl Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň «Teatr» bölümini «Drama režissurasy» hünäri boýunça tamamlan Tawus Hakimowa sahnalaşdyrypdyr. Ýaş režissýoryň ilkinji sahnalaşdyran spektaklydygyna garamazdan, oňa teatryň tejribeli, şeýle hem ýaş aktýorlary bilen umumy dil tapmak, eseriň mazmunyny açmak we tomaşaçylara ýetirmek başardyrdyr.
ХVI asyrda Italiýada baý dworýan-täjir maşgalasynda bolup geçen wakalary suratlandyrýan, söýgüniň, tutanýerliligiň üsti bilen ynsan häsiýetiniň terbiýelenişini beýan edýän spektaklda aktýorlaryň ynamly, ynandyryjy hereketleri tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Spektaklda esasy gahrymanlar Petrissonyň keşbini döreden Döwlet Hemraýewiň, onuň söýen gyzy, nadara hökmünde özüni tanadan Katerinanyň keşbini döreden Jeren Nazarowanyň, şeýle hem Katerinanyň kakasy Baptissanyň keşbini janlandyran Akmyrat Jumageldiýewiň we beýleki aktýorlaryň zähmetleriniň yerine düşendigini bellemek möhümdir. Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren sahna bezegçisi Myrat Haýtyýewiň hem yhlasynyň hasyl bolandygyny aýtmak bolar.
Umuman, maşgala, söýgi mukaddesligi, maşgalada zenanyň we erkek adamyň borçlary barada gülküli wakalaryň üsti bilen söhbet açýan bu spektakl ajaýyp eserleriň ählumumy adamzat gymmatlyklaryna, şeýle hem ähli döwürlere degişlidigini, onuň serhediniň ýokdugyny ýene bir gezek subut edýär.
W. Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy» komediýasy Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik toparynyň şu ýylyň dowamyndaky dördünji spektaklydyr. Teatryň ýylyň dowamynda sahnalaşdyran beýleki drama eserleriniň hem şowly çykandygyny olara berlen synlara salgylanyp, belläp geçmek bolar. Olaryň ilkinjisi «Türkmen teatr sungaty» ady bilen döwlet derejesinde geçirilen teatr festiwalynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri boýunça Gaýyp Jumaýewiň edebi esasyny ýazmagy we sahnalaşdyrmagy netijesinde bagtyýar zamanamyzyň mukaddesliklerini açyp görkezýän «Üç dananyň hikmeti» oýnudyr. Gadymyýetden gelýän milli däplerimiz, danalara uýmak ýaly döwletli ýörelgelerimiz bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ruhy ýörelgeleriniň sazlaşygyny görkezýän bu eser teatr muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.
Zehinli režissýor Perhat Hudaýberenowyň esasyny ýazyp, sahnalaşdyrmagy netijesinde, Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginde tomaşaçylara hödürlenen, türkmeniň milli saz guraly dutaryň gudraty, şeýle hem zehini daş ýarýan, sazdan özge dünýäni göz öňüne getirip bilmeýän türkmen zenanynyň ХVI – ХVII asyrlarda döwrüň kynçylyklaryna garamazdan bu sungata ykbalyny baglap, meşhurlyk gazanyşy barada söhbet açýan «Gelin ýöreýşi» spektakly hem hepdelige gatnaşyjylar, şol sanda teatr muşdaklary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldy.
Ýaňy-ýakynda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Yşgyň gämisi» pýesasy esasynda režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan spektakly hem şowly çykan sahna eserleriň biri hökmünde garşylanyldy. Spektaklda režissýoryň, oňa gatnaşan aktýorlaryň yhlasy bilen sungata bolan ýiti söýgüniň ähli kynçylyklary ýeňip bilýändigi ynandyryjylyk açylyp görkezilýär.
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň şu ýylyň dowamynda sahnalaşdyran taryhy wakalary hem-de häzirki ajaýyp zamanamyzy şöhlelendirýän, şonuň bilen birlikde dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülen eserleri öz içine alýan sahna eserleri teatryň döredijilik toparynyň tutanýerli zähmetiniň miweleridir. Teatrda iri sahna eserlerinden başga-da tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýan «Gülki agşamlarynyň», gysgajyk sahnalaryň, edebi - sazly kompozisiýalaryň, şeýle hem çagalar üçin oýunlaryň ençemesi sahnalaşdyrylýar.