Ï Puşkin adyndaky teatryň ýubileýi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Puşkin adyndaky teatryň ýubileýi

view-icon 5716

Aşgabatda 1926-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan Aleksandr Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry şu ýyl döredileniniň 95 ýyllygyny belledi. Dürli ýyllarda bu ýerde ady Türkmenistanyň rus teartynyň taryhyna giren ajaýyp aktýorlar we režisýorlar işlediler. Olaryň biri hem Nowosibirsk oblastynda doglan Mihail Aleksandrowiç Kirillowdyr.

Ol 1937-nji ýylda artistler topary bilen Aşgabada gelende Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň aradan çykan gününiň 100 ýyllygy bellenilýärdi. Şu sene mynasybetli Aşgabat teatryna beýik rus şahyrynyň ady dakyldy, şäherliler oňa «Puşkin teatry» diýýärler.

Şol döwre çenli Mihail Kirillow Tomskiniň politehnikumyny tamamlap, tehnik-metallyrg hünärini ele alypdy. Ol gyzyl goşunyň hatarynda gulluk edipdi, şeýle hem goşun teatrynyň guramçysydy, aktýor we režisýor hökmünde işläp görüpdi.

Mihail Kirillowyň aýaly, aktrisa Lidiýa Nikolaýewna Kotowşşikowanyň ýatlamalaryndan:

«Türkmensitan bizi milliligi, ajaýyp häsiýeti, özboluşlylygy, adamlarynyň myhmansöýerligi, hoşamaýlygy bilen bendi etdi. Hiç kim bu ýerde ömürlik galarys öýtmeýärdi. Biz galdyk».


Aşgabadyň teatr durmuşy täze gelen artistleri täze spektakllara çekdi. Sahnada Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy», Çehowyň «Üç uýa», Ostrowskiniň «Tokaý», Gara Seýitliýewiň «Jahan», Güseýin Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy», Kerim Gurbannepesowyň «Taýmaz baba»  we başga-da ençeme spektaklar goýuldy.

Mihail Kirillow dürli keşplerde çykyş edýärdi. Ol aňsatlyk bilen Şekspiriň hoşamaý gahrymanlaryna we rus tebigatyny türkmen edebiýatynyň gahrymanlaryna-da öwrüp bilýärdi. Russiýanyň Sibir sebitiniň ogly türkmen ýaşulysyny şeýle bir çeper oýnaýardy welin, hiç kim ondan kemçilik tapyp bilmeýärdi.

1963-nji ýylda «Türkmenfilm» kinostodiýasynda düşürilen filmde Mihail Kirillow garawul Berdi aganyň keşbini döretdi. Ol gahrymanyna gündogar halkyna mahsus häsiýetleri siňdirip, ol ekranda peýda bolandan tomaşaçylar ony halap ugradyalr.

Mihalil Aleksandrowiç sahanda 300-den gowrak keşp döretdi. Oňa birnäçe sylaglar we baýraklar, şol sanda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy hem-de SSSR-iň halk artisti diýen hormatly at dakyldy.

Bir gezek Mihalil Aleksandrowiçden haýsy rollary onuň üçin ýatdan çykmajaklardan boldy diýip soranlarynda, ol şeýle jogap beripdi:

«Türkmen dramaturglarynyň pýesalarynda oýnan rollarym hasam eziz. Olardan «Jahan» pýesasyndaky bagşyny, «Şadyýan myhmanda» sürüji Haýydowy, Kerim Gurbannepesowyň Taýmaz babasyny agzamakçy. Öz türkmen gahrymanlarymdan men diňe bir milli häsiýete düşünmän,eýsem ony duýmagy-da öwrendim. Belki, şomuň üçindir, «Taýmaz baba» bilen çykyş eden rus şäherlerimizde şu roly rus adamsynyň oýnaýandygyna ynanmaýardylar. Meniň üçin ol işime berlen iň beýik bahady».