Ï «Parahatlygyň ýaş çaparlary»: bäsleşigiň II tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatlygyň ýaş çaparlary»: bäsleşigiň II tapgyry

view-icon 6645
«Parahatlygyň ýaş çaparlary»: bäsleşigiň II tapgyry

«Parfiýa we Gun döwletleriniň diplomatiýasy we diplomatik däpleri» — «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-bilim bäsleşiginiň 2-nji tapgyryna gatnaşjaklar hut şu tema boýunça bilimlerini görkezmeli bolarlar. Ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenen bu taslama Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guraldy.

Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň ýanyndaky Ýaş diplomatlar mekdebiniň wekilleri, şeýle hem bäsleşigiň deslapky seçip alyş tapgyryny üstünlikli geçen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9 – 11-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar.

Bäsleşigiň «Oguz hanyň döwri we türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri» atly I tapgyry noýabr aýynyň ahyrynda geçirildi. Oňa 8 sany ýokary synp okuwçysy gatnaşyp, olaryň ikisi ýeňiji boldy. Bular paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylary Nurana Hudayberdiýewa (10-njy synp, S. Nyýazow adyndaky umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep) we Ýagşymyrat Öwezow (11-nji synp, daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep) dagydyr.

Dekabryň soňky ongünlüginde akyl-bilim bäsleşiginiň II tapgyryna gatnaşjaklaryň indiki toparynyň arasynda-da 2 ýeňiji belli bolar.

Taslama meýilnamasyna laýyklykda, geljek ýylyň iýun aýyna çenli 8 sany esasy tapgyr geçirler. Bu tagyrlaryň netijesi boýunça, iki ýeňiji ýüze çykarylar. Soň bolsa olaryň gatnaşmagynda ýaryşyň ýeňijilerini anyklamak üçin döredilen IX we X tapgyrlar geçiriler.

Üç sany saýlama ýokary synp okuwçysy Ýaşlar taslamasynyň ýeňijileri we jemleýji tapgyrynyň baýragyny alarlar. Ýeňijä «Parahatlygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň naýbaşy kubogy, 1-nji derejeli diplom we gymmat bahaly sowgat garaşýar. II we III ýerleri eýelänlere degişli Dereje diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Ýeňijileriň galanlaryna minnetdarlyk hatlary we höweslendiriji baýraklary gowşurylar.