Ï Türkmenistan-2021 kubogy ugrunda «Ahal» we «Şagadam» bäsleşer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-2021 kubogy ugrunda «Ahal» we «Şagadam» bäsleşer

view-icon 5263
Türkmenistan-2021 kubogy ugrunda «Ahal» we «Şagadam» bäsleşer
camera-icon
tff.com.tm

«Ahalyň» we Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparynyň futbolçylary ähmiýeti boýunça ikinji klub kubogy – Türkmenistanyň kubogy üçin aýgytlaýjy oýunda duşuşarlar. Munuň şeýledigi ýarym finalyň netijeleri boýunça belli boldy. Şonda «Ahal» Aşgabadyň «Altyn asyryny» 2:1, «Şagadam» bolsa paýtagtymyzyň «Kopetdag» toharyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Öňki ýaryşlardan tapawutlylykda, bu ýaryşda jübüt toparlaryň ýeňijileri ähli tapgyrda iki däl-de, bir oýnuň netijesi bilen kesgitlenýär.

Ondan öň çärýek final tapgyrynda «Ahal» «Aşgabatdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy, «Şagadam» bolsa «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňdi.

«Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda ýarym final oýny Aşgabatda, Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirildi. Bu Türkmenistanyň häzirki çempionynyň we wise-çempionynyň şu möwsümdäki üçünji oýny boldy. Milli birinjiligiň birinji aýlawynda «Ahal» – 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji aýlawdaky duşuşykda bolsa «Altyn asyr»  2:1 hasabyda üstün çykdy.

Ýurduň iň gowy iki toparynyň kubok oýny çekeleşikli göreşde geçdi, bu barada oýunçylara eminleriň görkezen 10 sany sary we 1 gyzyl kartoçkasy-da şaýatlyk edýär.

Oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda  1:0 hasabynda «Ahal» öňe saýlandy. 45-nji ýeke-ýekä çykan Muhammet Nurýagdyýew hasaby açdy.

Arakesmeden soň «Altyn asyr» bir jogap topuny tora saldy. 50-nji minutda ýer eýeleri sag gapdaldan burç hüjümini etdiler we Welmyrat Ballakow burçdan dürs urup, hasaby deňledi – 1:1.

Duşuşygyň ahyrynda tilsimli urgy boýunça AFK-2021 kubogynyň iň gowy futbolçysy Elman Tagaýew mergenlik häsiýeti bilen tapawutlandy. 85-nji minutda «Ahalyň» kapitany takmynan 25 metrden jerime urgusyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi, şondan soň top Mämmet Orazmuhammedowyň derwezesiniň ýokarky burçundan tora girdi.

Galan wagtyň dowamynda iki sany sary kartoçka alan Myrat Annaýewiň goşmaça wagtyň 4-nji minutynda oýundan çykarylandygy sebäpli, oýny azlykda dowam etdirýän «Altyn Asyr» hasaby üýtgetmek üçin köp tagalla etdi. Emma ýeňlişden gutulyp bilmedi, netijede Türkmenistanyň kubogynyň eýesiniň ygtyýarlyklaryndan el çekmeli boldy. 

Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» bilen «Kopetdagyň» arasyndaky ikinji ýarym final oýny hem göreşiň depgini taýdan ondan pes bolmady; bu ýerde duşuşygyň emini oýunçylara 9 sany sary, 2 sany gyzyl kartoçka görkezdi.

Oýnuň birinji ýarymynda ýer eýeleri Resul Mahmydowyň 12 metr aralykdan derwezä salan topundan soň 1:0 hasabynda öňe saýlandy. 

Duşuşygyň ikinji ýarymy myhmanlaryň ep-esli artykmaçlygy bilen geçdi, ýöne olar mundan hiç hili peýdalanyp bilmediler.

Toparlar oýny doly bolmadyk düzümde tamamladylar. Ilki 49-njy minutda emin iki duýduryş bilen «Şagadamdan» Perhat Italmazowy oýundan çykardy, soň bolsa 82-nji minutda iki sany sary kartoçka mynasyp bolan «Kopetadagdan» Yhlas Saparmämmedowy oýundan çykarmak bilen, iki toparyň düzümini deňledi.

Şeýlelikde, «Şagadam» taryhynda bäşinji gezek Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy. Deňiz ýakasynyň futbolçylary aýgytlaýjy oýunda jerime urgusynda iki gezek garşydaşlaryndan: 2002-nji ýylda Türkmenabadyň «Garagumundan» – 2:4 (esasy we goşmaça oýun wagty – 0:0), 2015-nji ýylda «Altyn asyrdan» – 6:7 (esasy we goşmaça oýun wagty – 0:0) pes gelipdiler. Diňe bir gezek, 2007-nji ýylda öňki meşhur futbolçy Gurbanmämmet Meredowyň ýolbaşçylygynda «Şagadamyň» futbolçylary finalda Marynyň «Merwini» – 1:0 hasabynda utup, ilkinji gezek ýurduň kubogyny aldy.

«Ahal» üçin bolsa Türkmenistanyň kubogynyň ýakyn wagtda boljak finaly bäşinji final bolar. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň ýolbaşçylygynda bu klubuň futbolçylary aýgytlaýjy oýunda «Altyn asyrdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Olar 2014-nji ýylyň finalynda-da «Balkany» 3:2 hasabynda utmak bilen, şol bir üstünligi gaýtaladylar, ýöne indi baş tälimçi Guwançmuhammet Öwekow bilen.

Dört ýyl mundan ozal «Ahal» bilen «Şagadamyň» Türkmenistanyň kubogynyň finalynda duşuşandygy bellärliklidir. Şonda baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda «Türkmennebitonumleri» Baş müdirliginiň topary 4:0 hasaby bilen uly ýeňiş gazanyp, üçünji gezek hormatly baýragy aldy.

Türkmenistanyň kubogynyň finalynda «Ahal» iň soňky gezek 2019-njy ýylda oýnanda, «Altyn asyrdan» 0:3 hasabynda utuldy.

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň täze eýesini belli etjek jemleýji oýun 22-nji dekabrda bolar.