Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda Aşgabadyň «Altyn asyr» topary «Ahaldan» 5 utuk köp toplady. Bu 11-nji tapgyrda «Altyn asyr» «Köpetdagy» – 2:1 hasabynda utandan soň belli boldy. Duşuşyk köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi.
Oýnuň 41-nji minutynda sary kartoçkalaryň ikisi görkezilendigi sebäpli Yhlas Saparmämmedow meýdançadan çykarylandan soň «Köpetdag» azlykda oýnasa-da, Türkmenistanyň häzirki çempionyna ýeňiş ýeňil düşmedi.
18-nji minutda Myrat Annaýew derwezeban bilen ýekme-ýek çykyp, hasaby açdy. 57-nji minutda Begenç Akmämmedow jerime urgusyny ururp, hasaby deňledi – 1:1. Begmyrat Baýow 79-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyna ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, «Altyn asyr» ýedi oýunda ýeňiş gazanyp, 11 oýunda 27 utuk toplady.
22 utuk bilen ikinji ýerde barýan «Ahal» Türkmenbaşy şäherinde «Şagadamy» – 2:1 hasabynda utdy. Myhmanlardan Elman Tagaýew 8-nji minutda jerime meýdançasynyň sag tarapyndan pökgini Serdar Geldiýewe geçirdi, ol topy boş derwezä gönükdirdi. Meýdança eýeleri 43-nji minutda hasaby deňlediler, Yhlas Magtymow «Ahalyň» derwezebanynyň ýalňyşyndan ýerlikli peýdalandy – 1:1.
Oýnuň 75-nji minutynda «Şagadamyň» jerime meýdançasynda «Ahalyň» kapitany Elman Tagaýewiň garşysyna düzgüni bozdular. Elman Tagaýewiň özi 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, 9 gol bilen bombardirleriň arasynda öňdeligini has-da berkitdi.
«Şagadam» bassyr üç gezek utulýandygyna garamazdan, 17 utuk bilen üçünji orny elde saklaýar. «Köpetdag» 14 utuk bilen dördünji ýerde.
Mary şäherinde geçen duşuşykda «Merw» «Energetigi» – 2:0 hasabynda utup, 13 utuk bilen bäşinji orunda barýar. Ýeňijilerden Amangeldi Saparow (32-nji minutda) we Begenç Alamow (88-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandylar.
«Aşgabat» öz meýdançasynda «Nebitçini» – 3:0 hasabynda utup, indi 12 utuk toplap, altynjy orna geçdi. Bu oýunda şu çempionatda ilkinji het-trik hasaba alyndy. Degişlilikde 10 we 5 utuk bilen «Nebitçi» hem-de «Energetik» soňky orunlarda barýarlar.
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary 13-nji dekabrda başlanýar. Şol gün «Altyn asyr» – «Aşgabat», «Energetik» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Merw», «Ahal» – «Köpetdag» toparlary bilen duşuşarlar.