Ï Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça bürünç medala mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça bürünç medala mynasyp boldy

view-icon 6936
Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça bürünç medala mynasyp boldy

Agyr atletika boýunça Özbegistanyň paýtagty Daşkende geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynda ikinji kiçi bürünç medal gazanyldy. Ony 61 kilograma çenli agram derejesinde birden götermek boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Seýitjan Mirzaýew gazandy.

Bu agram toparynda baýrak ugrunda 14 ýurtdan 16 agyr atletikaçy bäsleşdi.

Häzirki dünýä çempionatyna 27 ýaşly S.Mirzaýew belli agyr atletikaçy hökmünde geldi. Onuň hasabynda 2011-nji ýyldaky ýaşlar dünýä çempionatynda, 2019-njy ýylda Fuçžou şäherinde (Hytaý) IWF dünýä çempionatynda, 6-njy Halkara raýdaşlyk çempionaty-2020 Daşkende gazanan bürünç medallar we Gaziantepede (Türkiýe) Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna 2019-njy ýyldaky halkara ýaryşynda, şeýle hem 6-njy Katar Halkara Kubogy-2019-da gazanylan kümüş medallar bar.

Şu ýylyň aprel aýynda Daşkende geçirilen soňky Aziýa çempionatynda Seýitjan birden götermekde 133 kg netije görkezmek bilen, kümüş medal gazandy. Bu gezek bolsa diňe ikinji synanyşykda 128 kg netije görkezip, bürünç medal gazandy. Altyn medal ugrundaky göreşde iň soňky synanyşykda agyr atletikaçymyz 132 kg agyrlygy götermäge synanyşdy. Netijede 2017-nji ýylda Anahaýmda (ABŞ) geçen dünýä çempionatynyň bürünç medalçysyny, 2018-nji ýylda Buharestde (Rumyniýa) Ýewropa çempiony bolan Gruziýaly Şota Mişwelidzäni (131 kg) we Koreýa Respublikasyndan Rok Şini (132 kg) öňüne geçirdi.

Iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça bu agram derejesinde bürünç medaly Tokioda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan, Aziýa-2021 çempionatynyň kümüş medalçysy – 282 kg (127 + 155) Seraj Al-Salim (Saud Arabystany) aldy. Kümüş medal Şota Mişwelidzä (Gürjüstan) – 286 kg (131 + 155) ýetdi. Altyn medala bolsa Rok Şini (Koreýa Respublikasy) – 288 kg (132 + 156) mynasyp boldy.

Indi agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda erkekler üçin 73 kilograma çenli agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşiler, bu ýaryşda Türkmenistandan 2019-njy ýylda ýetginjekler dünýä çempionatynyň bürünç medalçysy, Aziýa çempionatynyň kümüş medalçysy Maksat Meredow çykyş eder.