Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda ýaşan ussat tüýdükçi Allan Rozyýew birsellem gargy tüýdükde saz çalyp berenden soň bir gürrüň aýdypdy: “Türkmeniň milli saz gurallarynyň biri hem gamyş tüýdükdir. Bu guraly ýasamak kyn däl, çykdajy ýok, meýdana çyksaň gamyş köp, saýlap alyp, näçe gerek bolsa ýasanybermeli”.
Tüýdügi ýasamak göräýmäge şeýle aňsadam bolsa, bu iş ussa saýlaýar, galyberse-de ony çalmak hemme kişä başardanok.
Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşyçylyk bölüminiň mugallymy Muhammet Saparow tüýdük ýasamak we ony çalmak hünäri boýunça ýurdumyzda tanymallyga ýeten ussat. Ol sazçylyk mekdebiniň bagşyçylyk bölümini 1997-nji ýylda tamamlady. Onuň mugallymy we halypasy şu mekdepde işlän, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, ussat sazanda Amannazar Ataýew. Bu gün bolsa Muhammet Saparow tanymal halypasynyň ornunda durup, ýaş zehinlere dutardan we tüýdükden sapak berýär.

Tüýdük çalmagy Muhammet heniz saszçylyk mekdebine okuwa girmänkä daýhan obadaşy Meret Durdymämmetden öwrenipdir. Tüýdüge kämilleşmegine, şeýle-de gargy tüýdük ýasamagy öwrenmegine tagtabazarly meşhur tüýdükçi Allan Rozyýewiň hemaýat-goldawy kän bolupdyr. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tüýdükçilik bölüminiň mugallymy Aşyr Ýazmyradow hem Muhammet Saparowyň uly hormat goýýan halypalarynyň biri. Galyberse-de, ol Muhammediň tüýdük ussaçylyk senediniň talapkär we ynjyk bilermeni. Aşyr mugallymyň tälim berýän okuwçylarynyň ulanýan tüýdükleri esasan Muhammediň elinden çykýar.
Muhammet Saparow bilen okuwçylarynyň birnäçesini daşyna üýşürip, olara dilli we gargy tüýdük ýasamagy öwredýän mahaly duşuşdyk. Gargy tüýdük uzynlygy 75-80 sm bolan 6 ýa-da 7 bogunly gargy gamyşdan ýasalýar. Sesiň owazly çykmagy, üflemek üçin amatly bolar ýaly, gargy tüýdügiň üflenýän ujuna demir müşdük geýdirilýär. Oňa “naý” hem diýilýär. Gargy tüýdüge “naý tüýdük” hem diýilýär. Tüýdügiň üstünde 5-6, aşagynda hem 1 ses deşigi bolýar. Ol alynky dişlere degrilip saklanylýar we diliň üstünden güýçli dem akymy bilen üflenip çalynýar.
Dilli tüýdük 1 bogunly inçe gamyşdan ýasalyp, onuň uzynlygy 15-16 sm bolýar. Dilli tüýdügiň ýüzünden ujuna ýakyn ýerden kesilip, diljagaz ýasalýar. Dilli tüýdügiň 3-4 sany ses deşigi bolýar.
Şu ýerde, biziň gözümiziň alnynda 3-4 sany dilli tüýdük taýýar boldy. Öň başlanyp goýlan gargy tüýdügem dynyp, taýýar saz gurallarynyň owazyny barlap gördüler. Muhammet mugallymyň şägirtleriniň tüýdüklerden owaz alyşlaryny, saz çalyşlaryny synladyk. Iň zehinli şägirtleriniň biri, 4-nji ýyl talyp Babageldi Çohowyň gargy tüýdügiň ýanyndan ýanama aýdym aýdyşyny diňläp, tüýs ýürekden guwandyk.
Ady rowaýatlara siňip giden saragtly Döwletdurdy tüýdükçiniň, onuň şägirdi wekilbazarly Ýazmuhammet Kösäniň, Baky Maşagyň we ençeme ussatlaryň dowam edip, nesillerden nesillere aşyryp gelen gadymy senedi şu günem arzyly, sarpaly. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurt derejesinde geçirilýän aýdym-saz gözden geçirişlerinde, konsertlerde, milli sungat sergilerinde türkmeniň saz guraly bolan tüýdüklere-de, bu jadyly senediň eýelerine-de mynasyp orun berilýär. Şeýle çärelerde Muhammet Saparowyň we onuň okuwçylarynyň alan diplomlarydyr baýraklary Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň dälizlerini bezeýärler.