Ï Surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 8782
Surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiren fotožurnalistika bäsleşiginiň netijeleri boýunça 13 talybyň iň gowy suratlary saýlandy.

Bäsleşige gatnaşýanlara eminler tarapyndan iki toparda – žurnalistika hünäri we beýleki hünärler boýunça okaýan talyplaryň işlerine baha berildi.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň birinji toparynda baş baýraga Türkmenistanyň DIM-iň HGI-niň talyby Gytja Atdaýewa mynasyp boldy. Birinji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejepgeldi Allamyradowa berildi.

Hormat sekisiniň ikinji basgançagyny Gurbanjemal Ödegurbanowa (DIM-iň HGI) we Merjen Alymowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) eýeledi. Bäsleşigiň iki sany üçünji ornuna HYYÖU-nyň talyplary Näzli Ýagşymyradowa bilen Ogulmaýsa Baýramowa degişli boldy. Üçünji orun ýaryşy guran institutyň talyby Hatyja Gylyjowa berildi.

Ikinji toparda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler uniwersitetiniň talyby Maksat Nurnazarow ýeňiji boldy. Ikinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Hurma Çaryýewa we Çaryýarmuhammet Kerimow eýelediler.

Üçünji orunlar Kerwenmyrat Halmyradowa (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), Aýşa Baýramowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Arslankerim Kerimowa (DIM-iň HGI) berildi.

Bäsleşigiň temasyny has çuňňur we aýdyň görkezmegi başaran iň oňat suratlaryň awtorlaryna degişli Dereje diplomlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.