Ï Futbol çempionatynda «Şagadam» bürünç medalyň eýesi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol çempionatynda «Şagadam» bürünç medalyň eýesi boldy

view-icon 9008
Futbol çempionatynda «Şagadam» bürünç medalyň eýesi boldy

Türkmenistanda futbol boýunça 29-njy milli çempionat tamamlanyp, iki aýlawdan ybarat ýaryşda baýrakly orunlar üçin 8 topar bäsleşdi.

Milli çempionatyň bürünç medalynyň eýesini kesgitlemeli jemleýji, 14-nji tapgyrdaky 4 oýunda bary-ýogy 6 top geçirildi.

Düzgüne laýyklykda, jemleýji tapgyryň oýunlary şolbir wagtda başlandy. Bürünç medalyň ykbaly, degişlilikde Türkmenbaşyda we Maryda geçirilen «Şagadam» — «Aşgabat», «Energetik» — «Köpetdag» toparlarynyň duşuşyklarynda çözüldi.

«Şagadamdan» iki utuk yzda barýan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary «Energetigi» utup, deňizýaka futbolçylary bolsa «Aşgabatdan» utulan halatynda bürünç medala umyt edip bilerdi. «Köpetdag» bolsa «Energetige» garşy oýnuň her ýarymynda bir pökgi geçirip, öz wezipesini ýerine ýetirdi. Bu toplary Öwezbaý Muhammetmyradow (23-nji minutda) we Yhlas Saparmämmedow (57-nji minutda) öz hasabyna ýazdylar.

Şol wagtda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen «Şagadam» — «Aşgabat» ýaryşynda wakalar aşakdaky ýaly ýaýbaňlandy: Duşuşygyň 68-nji minutynda Kerim Hojaberdiýew ýer eýelerini öňe çykardy — 1:0. Oýnuň esasy wagtyna goşulan goşmaça wagtyň 5-nji minutynda Gurbangeldi Sähedow jerime urgusyndan öwez topyny tora saldy we duşuşyk deňme-deň tamamlandy — 1:1.

Bu oýunlardan soň «Şagadamyň» we «Köpetdagyň» utuk sany deň boldy – 23, netijede Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji gezek bürünç medalyň ýeňijisi goşmaça görkezijiler boýunça kesgitlenmeli boldy. Şahsy duşuşyklarda toparlaryň hersi bir ýeňiş gazandy: birinji tapgyrda «Şagadam» — 3:1 hasabynda ýeňdi, ikinji tapgyrda «Köpetdag» güýçli bolup çykdy — 2:1.

Ýöne ýeňişleriň sany boýunça alnanda, «Şagadamyň» ýeňiş sany bir san artyk bolup, bürünç medalyň eýesini kesgitlemekde bu görkezijiniň ähmiýeti aýgytlaýjy boldy.

Baş tälimçi Rahman Baýlyýewiň ýolbaşçylygynda «Şagadam» milli çempionatyň bürünç medallaryny altynjy gezek aldy. Ondan öň Türkmenbaşy şäheriniň topary 2003, 2014, 2017, 2019 we 2020-nji ýyllarda şeýle üstünlik gazanyp, 2002-nji ýylda «Şagadam» Türkmenistanyň çempiony bolupdy.

Paýtagtda geçirilen 14-nji tapgyryň ýene iki oýnunda topar başyna bir top geçirildi. «Aşgabat» stadionynyň meýdançasynda Meýlis Diniýewiň (12-nji minut) tagallasy bilen «Ahalyň» oýunçylary «Merwi» 1:0 hasaby bilen ýeňdi we Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda «Altyn Asyr» hut şunuň ýaly hasap bilen «Nebitçiden» üstün çykdy.

«Ahalyň» we «Altyn Asyryň» degişlilikde altyn we kümüş medallary möhletinden öň paýlaşandyklaryny ýatlamak ýakymlydyr. «Ahal» altynjy gezek wise-çempion boldy, «Altyn Asyr» bolsa sekizinji gezek çempionlygy eýeledi.

Ýurduň iň gowy bäş toparynyň hataryna 17 utugy bolan «Merw» girdi. «Aşgabat» we «Nebitçi» hersi 13 utuk toplady. Ýöne iň oňat gol tapawudy sebäpli, «Aşgabat» altynjy orna, «Nebitçi» bolsa ýedinji oruna mynasyp boldylar. Tapgyryň sanawynyň ahyrynda 5 utukly «Energetik» galdy.

Hüjümçileriň arasynda «Ahalyň» 10 pökgi (6-sy jerime urgusyndan) geçiren kapitany Elman Tagaýew öňe saýlandy. Şeýle hem ilkinji üç pökgi geçirenleriň hataryna Gurbangeldi Sähedow («Aşgabat») — 8 pökgi (4-isi jerime urgusyndan) we Begenç Alamow («Merw») — 7 pökgi (5-isi jerime urgusyndan) dagy girdi.