Täze ýylyň öň ýanynda Türkmen döwlet sirkiniň döredijilik işgärleri täze tomaşa taýýarladylar, ol uludan-kiçi hemmäniň göwnünden turdy. Masgarabazlar Pena Myratdurdyýew we Esber Ataberdiýew Ýartygulak bilen Böwenjigiň keşbinde çykyşlaryň arasynda tomaşaçylary gyzl-gyran güldürýärler.
Tomaşa şadyýan karnawaldan başlandy, oňa ekwilibristler, akrobatlar, howa gimnastlary, žonglýorlar, haýwanlara tilsim öwredijiler... gatnaşdylar. Özüne imrindiriji saz, gelşikli lybaslar, aýdym-tanslar, şeýle hem sirk artisitleri baýramçylyk ruhuny döretdi.

Medine Baýramdurdyýewa halkada juw-ak kepderiler bilen çykyş etdi, soňra ol halkany Lilianna Ýusubowa geçirdi. Howa gimnastikaçysy Lilianna öte çylşyrymly tilsimleri görkezdi. Ol elementleri şeýle bir ýeňillik bilen ýerine ýetirýärdi. Bu Liliannanyň ussatlygyndan habar berýär. Tomaşaçylar batyrgaý gimnastikaçynyň her bir hereketine haýran galyp syn edýärdiler, olar onuň çykyşyny el çarpyşmalar bieln garşyladylar.
Ýaş artistler Aýlara Belýaýewa hem-de Aýgül Habibowa «Hula-hup» çykyşy bilen ilkinji gezek tomaşaçylaryň öňüne çykdylar. Gyzlary şowly çykyşy bilen gutlasa bolar. Tomaşa täze artistleriň köpüsiniň gatnaşandygyny, olaryň artistler bilen deň derejede çykyş edendgini bellemek gerek.

Doganlar Röwşen we Isgender Meläýewler masgarabazlaryň keşbinde çykyş etdiler. Olaryň görkezen «Şlýapa» atly nomerinde masgarabazlyk owadan ýeňil tans we şlýapalary žonglirlemek bilen sazlaşykly utgaşýar.
Gelşiklije maýmynjyklaryň dördüsi bilen çykyş eden Halap Baýrammyradow hem şlýapaly oýun görkezdi. Halap çykyşyň dowamynda tomaşaçylara baş egende garagol maýmynjyk onuň şlýapasyny alyp, öz başyna geýdi. Halap şlýapasyny alyp, bezzatja käýese-de, ýene öňki ýagdaý gaýtalandy. Çykyşa tomaşçylar gülüp hezil etdiler. Maýmynjyklar tanapdan ýokary galmaga we turnikde özüni çekmäge ökde bolsalar-da, olaryň taýharjygyň üstünde pyrlanmagy welin haýran edýär. Tomaşçylar Halabyň we onuň garagol maýmynlarynyň çykyşyna gowy baha berdiler.

Adatça baýrama myhman gelýär. Täze ýyl sirk tomaşasyna ... gaýry planetaly geldi. A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artistleri Hatyja Nurmuhammedowa bilen Magtymguly Gurbanow ýalpyldyly lybasly gurjak tansyny etdiler, soňra arena ýasama bedenini titredip, äpet, eýmenç robot çykdy. Sirk orkestri hyýaly multfilmerden «elektron» saz çaldylar. Robot geýminde aktýor Mihail Kustodowy tanar ýaly däldi.
Tomaşada kepderiler, taýhar, pudeller, düýeguş, maýmynjyklar, düýeler ýaly haýwanlaryň köp çykyş edenligini bellemek gerek, tomaşany dünýä belli jigitlerimiz ahal-teke bedewleriniň üstündäki çylşyrymly oýunlary bilen jemlediler.

Bölümi «Akhan» nomeri bilen hak atşynasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew açdy. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sirke beren ajaýyp aty Prezidentimiziň sazyna tans edişi bilen tomaşçylary haýran etdi.
Pygy Baýramdurdyýew Kanun atly gara atda öte çylşyrymly elementli «Офф» nomeri bilen çykyş etdi. Pygynyň ogly Serdar Baýramdurdyýew Edermen atly atda çykyş etdi. Kakasynyň Kanun diýen aty art aýagynda öňe ýörese, onuň aty yza ýöreýärdi. Serdar Gazanç atly atda üýtgeşik nomer görkezdi. Sirk akrobatlary ýüpden bökmäge ussat, Resul Täçmyradow hat-da çapyp barýan atyň üstünde-de ýüpden bökýär. Ýöne çapyksuwar bilen atyň bilelikde böküşi welin, örän üýtgeşik çykyş boldy.

Batyrgaý jigitler batly çapyp barýan atlarda juda çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýärler.
Ýartygulak bilen Böwenjik, olaryň yzy bilen 2022-nji ýylyň nyşany – bars maneže çykýarlar. Olar Aýazbaba bilen Garpamygy çagyrýarlar. Çagalar bien birlikde «Bir! Iki! Üç!» diýip jadyly sözleri aýdandan sirk arçasynyň dürli çyralary şöhle saçdy.
