Ï «Ahal» futbol boýunça kümüş medaly eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» futbol boýunça kümüş medaly eýeledi

view-icon 5470
«Ahal»  futbol boýunça kümüş medaly eýeledi

«Ahalyň»  futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldular. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary milli birinjiligiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda myhmançylykda «Aşgabat» toparyny – 2:1 hasabynda utup, ikinji orny eýeledi.

Duşuşyk köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi.

Myhmanlar eýýäm 7-nji minutda Elman Tagaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan soň öňe saýlandylar. Bu «Ahalyň»  kapitanynyň 2021-nji ýylyň çempionatyndaky tora salan 10-njy pökgüsidir, ol bombardirleriň arasynda öňde barýar. 36-njy minutda Serdar Geldiýew Türkmenistanyň wise-çempionynyň artykmaçlygyny artdyrdy.

«Aşgabat» toparynyň oýunçysy Myrat Amantaganow 66-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan bir pökgi geçirdi.

Şu ýeňişden soň 26 utuk toplan «Ahal» ýurdumyzyň çempionatynda altynjy gezek kümüş medaly eýeledi. AFK-nyň Kubogy – 2021 zolak ýaryşynyň finalyna çykan topar 2014-nji ýylda hem-de 2017-nji ýyldan bäri bassyr dört gezek şeýle üstünlik gazandy.

13-nji tapgyryň beýleki duşuşygynda milli birinjiligiň altyn medalyny sekizinji gezek eýelän «Altyn asyr» Maryda Merw bilen 2:2 hasabynda deň oýnady.

43-nji minutda Altymrat Annadurdyýew «Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň toparyny öňe çykardy – 1:0, bu onuň 6-njy pökgüsidir. Geçen ýylky çempionatyň güýçli bombardiri şu oýunda azyndan 3 gezek tapawutlanyp biljekdi. Iki gezek onuň urgusy derwezäniň sütünine degse, üçünji gezek –53-nji minutda Begençmyrat Myradowyň garşysyna gödek oýnalandygy üçin bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup bilmedi.

60-njy minutda Begençmyrat Myradow «Altyn asyry» öňe çykardy, ol oýny boýunça ýeňiş gazanaýmaly ýalydy. Ýöne oýnuň ahyrynda üç minudyň dowamynda Mukam Nazzyýew (88-nji minutda) we Pirmyrat Gazakow (90+1) garşydaşlarynyň derwezesine iki pökgi saldylar.

Çempionatyň gutarmagyna bir tapgyr galanda bäşinji orundaky «Merwiň» 17, dördünji we üçünji ýerdäki «Köpetdagyň» we «Şagadamyň» degişlilikde 18 we 20 utugy bar.

Geçen tapgyrda «Şagadam» köpugurly «Aşgabat» stadionynda paýtagtymyzyň «Köpetdagy» bilen duşuşygyň soňky minutlarynda 1:2 hasabynda utulyp, möhletinden öň bürünç medal eýelemäge mümkinçiligini elden giderdi.

Türkmenbaşy şäheriniň topary 25-nji minutda Nazar Towelekowyň tagallasy bilen 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Arakesmeden soň welin ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Ilki 60-njy minutda Begenç Akmämmedow hasaby deňledi– 1:1. Oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 3 minut galanda Şiri Annaýew «Köpetdagy» öňe çykardy.

13-nji tapgyryň beýleki oýnunda Balkanabatda «Nebitçi» Marynyň «Energetigini» 4:1 hasabynda utdy. Meýdança eýeleri eýýäm 5-nji minuta çenli 2:0 hasabynda utýardylar. Ilki bilen 2-nji minutda Azat Garajaýew tapawutlandy, şondan üç minut geçenden soň «Energetigiň» oýunçysy Garly Garlyýew pökgini öz derwezesine saldy. Arakesmä çykylmazdan öň Kemal Metdaýew (19 we 42-nji minutlarda) hasaby 4:0-a ýetirdi.

Oýnuň ikinji ýarymynda «Nebitçi» birneme arkaýynlaşdy, netijede 60-njy minutda Perman Hallyýew jogap pökgüsini saldy.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji tapgyrynda «Altyn asyr» – «Nebitçi», «Energetik» – «Köpetdag», «Şagadam» – «Aşgabat» we «Ahal» – «Merw» toparlary bilen duşuşarlar.