Türkmenbaşy şäherinde 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrunda aýgytlaýjy oýun geçiriler. 22-nji dekabrda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klub baýragy ugrunda wise-çempion «Ahal» bilen milli biirnjiligiň bürünç baýragynyň eýesi «Şagadam» duşuşarlar.
Futboly mundan beýlägem wagyz etmek maksady bilen bu ýaryşyň 30 ýyllyk taryhynda ol onunjy gezek paýtagtdan daşda we ikinji gezek Türkmenbaşy şäherinde geçirilýär.
Türkmenistanyň Kubogy ugrunda aýgytlaýjy birinji oýun Türkmenbaşy şäherinde 2006-njy ýylda geçirildi. Şonda abraýly baýrak ugrunda oýunda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary 11 metrlik jerime urgularyndan paýtagtyň «Köpetdagyny» 7:6 (oýnuň esasy wagty – 0:0) utupdy.
Ýene 15 ýyldan soň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň stadionynda ýene ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşyň final oýny geçiriler.
«Şagadam» bilen «Ahal» bu ýaryşda eýýäm bäşinji gezek duşuşýarlar.
«Şagadam» ýeke gezek – 2007-nji ýylda şu baýraga mynasyp boldy. Şonda ozal tanymal futbolçy Gurbanmämmet Meredowyň ýolbaşçylygyndaky topar «Merwi» 1:0 hasabynda utupdy.
«Ahal» Kubogy üç gezek eýeledi, her gezegem «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyny dürli tälimçiler üstünlige ýetiripdiler. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň ýolbaşçylygynda «Altyn asyry» 2:1 hasabynda utup, ilkinji gezek abraýly baýragy eýeläpdi. 2014-nji ýylda baş tälimçi Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygynda «Balkany» 3:2 hasabynda utup, şeýle üstünlik gazandy.
Dört ýyl mundan ozal «Ahal» bilen «Şagadam» duşuşypdy. Şonda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda 4:0 hasabynda utup, üçünji gezek abraýly baýragy eýeläpdi.
Şu ýyl bu toparlar ýurdumyzyň çempionatynda iki gezek duşuşdylar. Iki gezegem «Ahal» ýeňiş gazandy: Aşgabatda 4:0, Türkmenbaşyda - 2:1.
Türkmenistanyň Kubogy ugrunda aýgytlaýjy oýunlaryň statistikasyndan bir mysal. Ozalky final oýunlarynyň 29-synda hem meýdança eýeleri ýeňiş gazanypdy. Bu gezek nähili boljakdygy tizara belli bolar.