Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 8659

I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Howa kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 6-njy madda; 2015 ý., № 2, 63-nji madda; 2016 ý., № 1, 8-nji we 67-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 30-njy madda; 2020 ý., № 3, 38-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 7-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Raýat awiasiýasynyň işi çygrynda döwlet dolandyryşyny ygtyýarly edaralar — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky «Türkmenhowaýollary» agentligi amala aşyrýarlar.»;

2) 8-nji maddanyň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) awiasiýa işini sertifikatlaşdyrmak, bellige almak we ygtyýarlandyrmak;»;

3) 9-njy maddanyň birinji böleginde:

5-nji bentde «güwälendirmegi» diýen sözi «sertifikatlaşdyrmagy» diýen söze çalşyrmaly;

9-njy bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«91) Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany halkara howa arkaly daşaýyşlaryň kadalaryny;

92) Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany içerki howa arkaly daşaýyşlaryň kadalaryny;

93) Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany halkara ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlaryny ulanmagyň we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlary almagyň, biletleri satmagyň we howa daşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň kadalaryny;

94) Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany içerki ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlaryny ulanmagyň we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlary almagyň, biletleri satmagyň we howa daşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň kadalaryny;

95) Türkmenistanda howa arkaly daşaýyşlaryň ýerine ýetirilmeginde formallyklary ýönekeýleşdirmek boýunça maksatnamany;»;

4) 10-njy maddada:

maddanyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Awiasiýa işini sertifikatlaşdyrmak»;

birinji bölekde:

birinji, ikinji we üçünji tesimlerde «(güwänama)», «güwälendirilýän», «güwälendirme» we «güwälendirilmäge» diýen sözleri degişlilikde «(sertifikat)», «sertifikatlaşdyrylýan», «sertifikatlaşdyrma» we «sertifikatlaşdyrylmaga» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «aerodromlar we aeroportlar» diýen sözleri «aerodromlar» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji, üçünji we dördünji böleklerde «güwälendirmegi», «güwälendirmegiň», «güwänamanyň», «güwänamany» we «Güwälendirmegiň» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatlaşdyrmagy», «sertifikatlaşdyrmagyň», «sertifikatyň», «sertifikaty» we «Sertifikatlaşdyrmagyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 11-nji maddanyň adyny we birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak

1. Awiasiýa işiniň ygtyýarlylandyrylmagy «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.»;

6) 27-nji maddada «güwälendirilmegi», «güwälendirilmelidir», «güwänamasy», «güwänamasynyň» we «güwälendirilmegini» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatlaşdyrylmagy», «sertifikatlaşdyrylmalydyr», «sertifikaty», «sertifikatynyň» we «sertifikatlaşdyrylmagyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 28-nji maddanyň mazmunynda «güwälendirmegiň», «güwälendirilmelidir», «şahadatnama (güwänama)», «güwänamasy», «şahadatnamasy (güwänamasy)», «şahadatnamanyň (güwänamanyň)» we «güwänamasynyň» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatlaşdyrmagyň», «sertifikatlaşdyrylmalydyr», «sertifikat», «sertifikaty», «sertifikatyň» we «sertifikatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 29-njy maddanyň adynda, birinji we üçünji böleklerde «güwälendirilmegi» we «güwänamasy» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatlaşdyrylmagy» we «sertifikaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 30-njy maddada «güwänamasyny», «güwänamasy» we «güwänamany» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatyny» we «sertifikaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 32-nji maddada:

birinji we üçünji böleklerde «döwlet» we «Döwlet» diýen sözleri degişlilikde «milli» we «Milli» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «döwlet we bellige alyş» we «raýat awiasiýasynyň çygrynda» diýen sözleri degişlilikde «milli we bellige alyş» we «raýat awiasiýasynyň işi çygrynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 37-nji maddada:

ikinji bölekde «(güwänamasy)» diýen sözi «(sertifikaty)» diýen söze çalşyrmaly;

üçünji bölekde «raýat awiasiýasynyň çygrynda» diýen sözleri «raýat awiasiýasynyň işi çygrynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 38-nji maddanyň mazmunynda «güwänamalary» diýen sözi «sertifikatlary» diýen söze çalşyrmaly;

13) 39-njy maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Raýat awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işleri, degişli şahadatnamasy (sertifikaty), şol sanda daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän we Türkmenistanda ykrar edilen şahadatnamasy (sertifikaty) bar bolsa, awiasiýa okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýär.

Raýat awiasiýasynyň awiasiýa işgärleriniň hünär taýýarlygyny goldamak we döwürleýin taýýarlygyny geçirmek, howa gämileriniň ulanyjylary tarapyndan raýat awiasiýasy babatynda ygtyýarly edaranyň tassyklan okuw meýilnamalary boýunça ýa-da awiasiýa okuw mekdeplerinde, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak merkezlerinde amala aşyrylýar.

Döwlet awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünäri ýokarlandyrmagyň tertibi döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýär.»;

ikinji bölekde «güwälendirmek» diýen sözi «sertifikatlaşdyrmak» diýen söze çalşyrmaly;

14) 41-nji maddanyň mazmunynda «Pilotyň (uçarmanyň)», «güwänamasy (şahadatnamasy)», «pilotdan (uçarmandan)» we «pilot (uçarman)» diýen sözleri degişlilikde «Uçarmanyň», «şahadatnamasy», «uçarmandan» we «uçarman» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 45-nji maddada:

adyny we birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«Aerodromlaryň we Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň sertifikatlaşdyrylmagy

1. Awiasiýada peýdalanylýan aerodromlar hökmany sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir. Bu aerodromlary, olaryň gurallaryny sertifikatlaşdyrmagyň tertibi we şol gurallaryň sanawy Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen kesgitlenilýär.»;

dördünji bölekde «güwänamasy» diýen sözi «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

bäşinji bölekde «raýat awiasiýasynyň çygrynda» diýen sözleri «raýat awiasiýasynyň işi çygrynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

16) 47-nji maddada:

adynda «we aeroportlaryň» diýen sözleri aýyrmaly;

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Raýat awiasiýasynda peýdalanylýan aerodromlaryň ulanylmagyna rugsat berilmegi degişli sertifikatlar esasynda raýat awiasiýasynyň işi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.»;

dördünji bölekde «güwänamany» diýen sözi «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

altynjy bölekde «güwänamasynyň» we «güwänamany» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatynyň» we «sertifikaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

17) 48-nji maddanyň birinji böleginde «güwänamany» diýen sözi «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

18) 52-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Uçaryň uçuş wagty uçaryň uçmak maksady bilen hereket edip başlan wagtyndan uçuş tamamlanandan soňra doly saklanan wagtyna çenli hasaplanylýar.»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«5. Ýokarda görkezilen «uçuş wagty» adalgasy uçaryň uçup başlan wagtyndan uçuş tamamlanandan soňra doly saklanan wagtyna çenli ölçenilýän «uçuş wagty», «umumy uçuş wagty» ýa-da «blokirleme wagty» adalgalary bilen birmeňzeşdir.

Dikuçar üçin uçuş wagty — dikuçaryň wintiniň perleri aýlanyp başlan wagtyndan dikuçar uçuşy tamamlandan soň doly durýança we wintiniň perleriniň aýlanmagy bes edilýänçä hasaplanýar.

Belli bir aralykdan dolandyrylýan awiasiýa ulgamlary üçin uçuş wagty dolandyryşyň çäginiň kesgitlenen wagtyndan we uçuşy ýerine ýetirmek maksady bilen daşyndan dolandyryş nokadynyň we daşyndan dolandyrylýan howa gämisiniň arasyndaky gözegçiligi amala aşyrmak pursadyndan ýa-da dolandyryş tabşyrylandan soňra daşky uçarmanyň kabul edip alan wagtyndan daşky uçarmanyň dolandyryşy tabşyrmagy tamamlan wagtyna çenli hasaplanylýar.»;

19) 53-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «Döwlet» diýen sözi «Milli» diýen söze çalşyrmaly;

20) 54-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde:

«b» kiçi bendinde «güwänamasy» diýen sözi «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

«ä» kiçi bendinde «güwänamasy (şahadatnamasy)» diýen sözleri «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

21) 71-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak üçin ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine iberilýär.»;

22) 90-njy maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «güwänamasy (şahadatnamasy)» diýen sözleri «sertifikaty» diýen söze çalşyrmaly;

23) 92-nji maddada:

ikinji bölekde «raýat awiasiýasynyň çygrynda» diýen sözleri «raýat awiasiýasynyň işi çygrynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekde «daşamagyň» diýen sözi «daşaýyşlaryň» diýen söze çalşyrmaly;

24) 97-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany halkara ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlary we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlar, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan daşaýjylar tarapyndan özbaşdak bellenilýär.

2. Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany içerki ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlaryny we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti belleýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli daşaýjylar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.

3. Howa menzilleriniň, aeronawigasiýa serişdeleriniň ulanylmagy we beýleki hyzmatlar üçin nyrhlar we ýygymlar raýat awiasiýasynyň işi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar we howa menziller tarapyndan ulanylmaga degişlidir.»;

25) 102-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«102-nji madda. Ýüki, el goşlary, bagažy, bellige alynmadyk bagažy, ýitirilen zatlary, eýesiz ýükleri alyjynyň almazlygy we öz wagtynda kabul etmezligi

1. Ýüki howa arkaly daşaýyş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşaýjy ýüküň gelendigi barada ýüki alyjyny içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalarynda göz öňünde tutulan möhletlerde habarly etmäge borçludyr.

2. Alyjy gelen ýüki, el goşlary, bagažy, bellige alynmadyk bagažy, ýitirilen zatlary, eýesiz ýükleri içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalarynda bellenilen möhletde talap etmese ýa-da ony kabul etmekden ýüz dönderse, bu barada iberijini habarly etmek bilen, daşaýjy iberijiniň hasabyna we töwekgelçiligine ony özünde saklamaga galdyrmaga haklydyr. Içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalarynda görkezilen möhletlerde alynmadyk ýük, el goşlary, bagažy, bellige alynmadyk bagažy, ýitirilen zatlary, eýesiz ýükleri talap edilmedik hasap edilýär we ol Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ýerleşdirilýär.

3. Gümrük gözegçiligine degişli ýüki saklamak we oňa ygtyýar etmek Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

4. Ýükleri, el goşlary, bagažy, bellige alynmadyk bagažy, ýitirilen zatlary, eýesiz ýükleri ýerlemegiň gijikdirilmegi olaryň zaýalanmagyna getirip biljek bolsa ýa-da olaryň niýetlenilişi boýunça peýdalanylmagy doly mümkin bolmasa, ýüki, el goşlary, bagažy, bellige alynmadyk bagažy, ýitirilen zatlary, eýesiz ýükleri daşaýjy iberijiniň çözgüdine garaşmazdan, bellenilen tertipde ýerlemäge haklydyr. Bu ýükleriň, el goşlaryň, bagažyň, bellige alynmadyk bagažyň, ýitirilen zatlaryň, eýesiz ýükleriň ýerlenendigi barada daşaýjy iberijini we alyjyny habarly etmäge borçludyr.»;

26) 104-nji maddanyň üçünji bölegini aýyrmaly;

27) Kodeksiň ýazgysynda raýat awiasiýasynyň çygryna, aeroporta we aeroportlara salgylanmalary degişlilikde raýat awiasiýasynyň işi çygryna, howa menziline we howa menzillerine salgylanmalara çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.