Ï Dagda geçen marafony
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dagda geçen marafon

view-icon 6574
Dagda geçen marafon

«Agama» alpinizm kluby we türgenleriň bir topary – daglyk ýerlerde ylgamaga höwesjeňler 30 kilometr aralyga ylgamak boýynça ýaryş guradylar. Saglyk ýoly –Aşgabadyň etegindäki Köpetdagyň gerşiniň üstünden geçýän 36 km uzynlykdaky betonlanan pyýada ýoly – marafonçylar üçin ylgaw ýoly boldy. Dag ýoly ep-esli eňňit we 1300 metre çykmak bilen dürli beýiklilerden çekilipdir.

Aşgabatly Alikper Ahmedow (“Agama” kluby) ýene bir gezek ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ol Türkmenistanda geçirilen kubok ýaryşlarynyň ählisinde diýen ýaly baýrakly orunlary eýelemek bilen, alpinistleriň Elbrus dagynda we Şweýsariýanyň Alp daglarynda ylgamak boýunça halkara sport ýaryşlaryna, 60 we 100 kilometr aralykda marafonlara gatnaşyp, özüniň fiziki we taktiki taýýarlygyny görkezipdi. Saglyk ýolundaky otuz kilometr aralygy ol üç sagat ýigrimi minutda geçdi. Ýokary sport netijesini lukmançylyk işgäri Nastýa Loskarýowa-da görkezdi – ol marafon aralygyny dört sagatda geçdi.

Daglykda geçirilen bu ýaryş diňe bir ýaryşa gatnaşýan türgenleriň barha ýokarlanýan ussatlygyny däl, eýsem aşgabatlylaryň köpüsiniň tebigatda işjeň dynç almak, dag gerişlerine çykmakda güýçleruini synap görmek we dekabr aýynyň tebigatyndan lezzet almak islegini hem görkezdi.