Türkmenistanyň ýygyndysy (ýaşy 23-e çenli) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň dördünji bije sebedinde bolar. Degişli habary Aziýanyň futbol konfederasiýasy yglan etdi.
Oňa laýyklykda, sebetler, ine, şeýle:
1-nji sebet: Özbegistan, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany, Awstraliýa.
2-nji sebet: Iordaniýa, Tailand, BAE, Eýran.
3-nji sebet: Yrak, Katar, Wýetnam, Ýaponiýa.
4-nji sebet: Täjigistan, Malaýziýa, Kuweýt, Türkmenistan.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy final ýaryşynda Tajigistanyň, Malaýziýanyň we Kuweýtiň toparlary bilen duşuşmaz.
Futbol boýunça ýaşlar Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň bijesi 17-nji fewralda atylar. Onuň netijesi boýunça hersinde 4 ýygyndyly 4 topar dörediler. Her topardan güýçli ýygyndylaryň ikisi çärýek finala çykar.
Aýgytlaýjy oýun 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 1-inden 19-y aralygynda Daşkentde geçiriler. Onuň netijesi boýunça güýçli ýygyndylaryň üçüsi 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunalaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Ýygyndynyň tälimçisi Ahmet Agamyradowyň şägirtleri Ammanda geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça ýaşlar Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň final tapgyrynda ilkinji gezek hukuk gazandylar.