Ï Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdi

view-icon 6350
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Aşgabatda 2021-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi.

Duşuşyga Aşgabatda ynanç bildirilen diplomatik wekilhanalaryň işgä rleri, ýerli we daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda şu ýylyň netijelerine ýokary baha berdi. Onuň sözlerine görä, şu ýylyň 10 aýynda türkmen-rus haryt dolanyşygy, gaz söwdasyny hasaba almazdan, 729 million dollar bolup, 8,1% ýokarlanypdyr.

Blohin Russiýanyň şu ýyl Türkmenistandan satyn alýan gaz mukdarynyň örän uly boljakdygyny aýtdy.

«Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, onuň iki esse artmagy ähtimal. Meniň pikirimçe, bu, takmynan 10 milliard kub metr bolar», – diýip diplomat belledi.

Ol, şeýle hem, Russiýanyň Türkmenistana 600 müňden gowrak dozada «Sputnik V» sanjymyny we uly bolmadyk mukdarda «EpiVacCorona» sanjymyny ugradandygyny aýtdy.

«Men Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen söhbetdeş boldum. Ol häzirki wagtda ilatyň 80%-ine sanjym edilendigini habar berdi. Örän gowy görkeziji. Russiýada ilatyň takmynan 60% sanjym edilipdir» – diýip, rus ilçisi nygtady.

Şeýle hem, ol bir gün öňýany Türkmenistanda hasaba alnan «Sputnik Laýt» sanjymy barada-da aýdyp geçdi. Diplomatyň aýtmagyna görä, iň ýakyn çykaryş uçuşynda ýurda 10 müň dozada «Sputnik Laýt» sanjymyny mugt bermek meýilleşdirilýär. Blohin bu sanjymyň Türkmenistana ikilenç sanjym etmek üçin berilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

Diplomat halkara meselelerinede üns çekdi. Hususan-da, Blohin ýurdumyzyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna ýokary baha berdi.

Russiýa Federasiýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistan özüniň bitarap statusyna daýanmak bilen, Owganystan babatynda hemişe oýlanyşykly syýasat alyp barýar we ýurtda nähili häkimiýetiň bardygyna garamazdan, owgan halkyna kömek edýär.

«Bu – dogry çemeleşme, çünki Owganystandaky ähli – syýasy bolsun ýa ykdysady meselelerden, ilki bilen, halk ejir çekýär. Şol sebäpden Türkmenistanyň edýän işi owgan halky üçin zerur we peýdalydyr» – diýip, Blohin nygtady.

Onuň sözlerine görä, Owganystan meselesine çemeleşme boýunça Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda köp umumylyk bar.

«Biz hem Owganystanda durnuklylygyň tarapdary. Biz owgan halkyna ynsanperwerlik kömek bermek ugrunda çykyş edýäris» – diýip, RF-niň Türkmenistandaky ilçisi aýtdy.