Ï Giňişleýin bilimlerini görkezýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Giňişleýin bilimlerini görkezýärler

view-icon 6869
Giňişleýin bilimlerini görkezýärler

Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda guran bilogiýa we himiýa boýunça açyk internet-olimpiadasynda şowly çykyş etdiler. Ukyply okuwçylary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-barlag işine we gejekki hünärine höwesini artdyrmak, ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde mekdep okuwçylary baýrakly orunlaryň onusyny eýelediler.

Daşoguzyň 26-njy orta mekdebi iňlis dilini, biologiýany we himiýany öwrenmäge ýöriteleşdirilendir, ol ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň iň belli mekdepleriniň biridir. Mekdebiň okuwçylarynyň köpüsi dürli, şol sanda uzak aralykdan geçirilýän bilim olimpiadalarynda ýeňiş gazanýarlar.Munuň üçin mekdep döwrebap ýörite enjamlar bilen ýetik üpjün edilen.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde häzirki wagtda ol ýa-da beýleki dersi çuňlaşdyryp öwretmek boýunça ýöriteleşen umumy bilim edaralarynyň ençemesi bar. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, kärine ussat mugallymlar we ýerli mekdepleriň ählisiniň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy sebitiň okuwçylarynda häzirki wagtda bilimiň ähli ugurlaryny, şol sanda tebigy ylymlary öwrenmäge höwes döredýär.