Ï Serdar Azmun 2021-nji ýylda Aziýanyň iň güýçli futbolçylarynyň üçlügine girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serdar Azmun 2021-nji ýylda Aziýanyň iň güýçli futbolçylarynyň üçlügine girdi

view-icon 7566
Serdar Azmun 2021-nji ýylda Aziýanyň iň güýçli futbolçylarynyň üçlügine girdi

Asly eýranly türkmenlerden Russiýanyň «Zenit» klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun 2021-nji ýylda Aziýanyň iň güýçli legionerleriniň üçlügine girdi.

Eýranyň IRNA habarlar agentliginiň habaryna görä, «Zenitiň» hüjümçisi Serdar Azmun we Portugaliýanyň «Portu» klubunyň hüjümçisi Mehdi Taremi Aziýanyň iň güýçli legionerleriniň üçlügine girdiler.

«Zenitiň» eýranly hüjümçisi Serdar Azmun Fox Sports As Titan Sports-yň görkezijisinde 111 ball toplap, 2021-nji ýylyň netijesi boýunça Aziýanyň iň güýçli legionerlerini saýlamaga ses berlişikde ikinji orny eýeledi, «Portu» toparynyň eýranly hüjümçisi Mehdi Taremi 90 ball bilen üçünji orna düşdi.

«Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Min 242 ball toplap, uly tapawut bilen birinji orna mynasyp boldy.

«Zenitiň» we Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi, eýranly futbolçy Serdar Azmun 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mazenderan welaýatynyň Kümmet-Kowus şäherinde doguldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti geçen ýyl Serdar Azmun hakda ýörite makala taýýarlapdy, onda ol öz çagalyk ýyllary we Aşgabatda çagalar bilen futbol oýnap başlaýşy, woleýboldan futbola geçişi, türkmen çagalary bilen futbol oýnamagynyň professional futbola gelmäge höwes döredendigi barada gürrüň beripdi.